Institutyň düzüminde meýdany 450 ga bolan Okuw-tejribe hojalygy hereket edýär.
Okuw-tejribe hojalygynda ekinleriň dürli görnüşleri ylmy esasda ösdürilip ýetişdirilýär. Hojalykda gowaça, bugdaý, ot-iýmlik ekinler, bakja ekinleri ekilýär, şeýle hem miweli baglar ösdürilip ýetişdirilýär. Bu ýerde meýdan şertlerinde topragy, ekini, döküni himiki we fiziki seljeriş etmek bilen, talyplar sapakda berilýän nazary bilimleri tejribelikde çuňňur özleşdirýärler.
Okuw-tejribe hojalygynda ýurdumyza getirilýän täze tehnikalary synag etmek, ýagny dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň kämil tehnikalarynyň ýurdumyzyň toprak - howa şertlerine laýyk gelşini barlamak işleri hem amala aşyrylýar. Synaglarda hünärmenler önümçilik şertlerinde oba hojalyk tehnikalarynyň ähli iş ulgamlarynyň we gurallarynyň işleýşini, olaryň iş öndürijiligine edýän täsirlerini, ýüze çykýan käbir näsazlyklaryny gysga wagtda düzetmegiň usullaryny öwrenip, synagyň netijesi boýunça önümçilige ylmy taýdan esaslandyrylan teklipler taýýarlanýar.
Okuw-tejribe hojalygynda mallaryň dürli görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär we hojalygyň gara maldarçylyk fermasynda Golştin-friz tohumly mallar bilen ylmy synaglar ýola goýulyp, gara mallaryň ýokary önümli, kesellere durnukly gatyşyk toparyny döretmek işi alnyp barylýar.