Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy barlaglary we innowasiýa tehnologiýalarynyň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça Döwlet Maksatnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri berjaý etmek maksady bilen, tejribeli mugallymlaryň hem-de zehinli talyp ýaşlaryň gatnaşmagynda oba hojalygynyň ileri tutulýan möhüm ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri geçirilýär. Ýokary okuw mekdebimiziň Okuw-tejribe hojalygynyň, Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziniň we onuň ylmy-önümçilik synag hojalyklarynyň ekerançylyk meýdanlarynda, agromeýdançasynda ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyklykda güýzlük bugdaýy, gowaçany we beýleki oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmegiň suw we serişde tygşytlaýjy täze tehnologiýasyny işläp düzmek, gowaçanyň ir ýetişýän, bol hasylly, süýüminiň çykymy we hili ýokary bolan, kesellere durnukly sortlaryny, güýzlük bugdaýyň gurakçylyga we topragyň duzuna durnukly ýokary hasylly sortlaryny döretmek, gara mallaryň ýokary önümli, kesellere durnukly gatyşyk toparyny döretmek, ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, “Altyn asyr” Türkmen kölüniň şor suw akabasynyň suwlaryny süýjedip ekerançylykda ulanmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek, miwe-gök önümlerini saklamagyň, gaýtadan işlemegiň täze usullaryny işläp düzmek we önümçilige ornaşdyrmak ýaly oba hojalyk ylmynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar.
Institutyň Okuw-tejribe hojalygynda ýurdumyza daşary ýurtlardan satyn alynýan täze tehnikalaryň synag işleri alnyp barylýar.
Ýokary okuw mekdebimizde oba hojalyk önümçiliginde zähmet çekýän ýer eýelerine, kärendeçilere usuly taýdan ýardam etmek maksady bilen, gowaçany, güýzlük bugdaýy we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň agrotehiki kadalaryny kämilleşdirmek, pudaga ylmy täzelikleri, öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak barada ylmy-önümçilik maslahatlary yzygiderli geçirilip, olarda tejribeli mugallymlarymyz özleriniň ylmy maslahatlary we teklipleri bilen yzygiderli çykyş edýärler.