Türkmen oba hojalyk institutynyň Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizirlemek fakulteti ýurdumyzyň agrosenagat toplumynyň tehniki, suw we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek üçin ýokary hünärli inženerleri taýýarlaýar we aşakdakylara gönükdirilendir:
Şeýlelikde, fakultet Türkmenistanyň oba hojalygynyň tehnologiki täzelenmegini we durnuklylygyny üpjün edýän esasy inženerçilik merkezi bolup hyzmat edýär, bu bolsa döwlet üçin strategiki taýdan wajyp wezipedir.
Fakultetde aşakdaky hünärler boýunça ýokary bilimli hünärmenler taýýarlanylýar:
Şeýle hem fakultet aşakdaky taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawrlary taýýarlaýar:
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizirlemek fakultetiniň düzüminde 6 sany kafedralar hereket edýär, ýagny
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizirlemek fakultetinde Awtomatika wirtual otagy, Materiallary öwreniş, GIS wirtual okuw otagy, Gidromeliorasiýa, Nasos we nasos beketler, Taslamagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary, Inžener we kompýuter grafikasy okuw-barlag tejribehanalary we dünýäde giňden tanalýan hem-de Türkmenistana ýokary öndürijilikli tehnikalary getirýän “John Deere”, “Komatsu”, “Case”, “New Holland” we “CLAAS” ýaly daşary ýurt kompaniýalarynyň dürli tehnikalarynyň gurluşyny, işini we hyzmat edilişini öwrenmek üçin ýöriteleşdirilen okuw otaglary hereket edýär.
Gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizirlemek fakultetiniň çäklerinde “Şabatsuwhojalyk” we “Daşoguz ýer-suw gurluşyk” önümçilik kärhanalarynda, şeýle hem “Daşoguzobahyzmat” önümçilik birleşiginiň Daşoguz şäheriniň Hünär-tehniki mekdebinde binýatlyk kafedralary hereket edýär.
Fakultetiň mugallymlary ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlap çapa hödürleýärler.
Oba hojalygyny mehanizirlemek hünäriniň talyplary Germaniýa Federatiw Respublikasyndaky we Niderlandlar Patyşalygyndaky “John Deere” kompaniýasynyň zawodlarynda önümçilik tejribeligini geçýärler. Bu tejribelik “John Deere” kompaniýasynyň häzirki zaman oba hojalyk maşynlary we enjamlary bilen tanyşmak, şeýle hem alnan nazary bilimleri önümçilik şertlerinde berkitmek maksady bilen guralýar.
Fakultetde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen bilelikde aşakdakylara gönükdirilen ylmy-barlag işleri alnyp barylýar: şorlaşan ýerlere durnukly we ýokary hasyl bermäge ukyply oba hojalyk ekinlerini saýlap almak we ornaşdyrmak arkaly topragyň şorlaşmagy bilen göreşmek; häzirki zaman LED-tehnologiýalaryny ulanmagyň hasabyna ýyladyşhanalarda gök-bakja önümlerini ýetişdirmegiň şertlerini kadalaşdyrmak; topragyň görnüşlerini takyk kartalaşdyrmak üçin geoinformasion ulgamlary (GIS) ulanmak; giňişlik (hemra) maglumatlaryny ulanyp sebitiň biodürlüliginiň üýtgemegine biomonitoring etmek. Şeýle hem, fakultetiň kafedralarynda mugallymlaryň ylmy-barlag işleri durmuşa geçirilýär. Fakultetde tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplaryň ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde talyplara ylmy işleri alyp barmagyň usuly, usulyýeti, edebiýatlary seljermek we olara baha bermek ýaly işleri öwredilýär.
Institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň çäginde fakultetinde
atly talyplaryň ylmy gurnaklary hereket edýär.
Talyp ylmy gurnaklary institutda we ýurduň beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen bilelikde webinarlar, ylmy seminarlar, bäsleşikler, ussatlyk okuwlary, ylmy-amaly maslahatlar geçirýär. Şeýle-de önümçilik edara kärhanalara hem-de taryhy ýadygärliklere yzygiderli gezelençler guralýar.
Fakultetiň talyplary Materiallaryň garşylygy, Nazary mehanika, Inžener grafikasy, Kompýuter grafikasy, Matematika, Fizika ýaly dersler boýunça halkara we döwlet ders bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar. Şeýle-de talyplar hünar dersleri bolan Ýylylyk tehnikasy we Geodeziýa derslerinden döwlet derejesinde geçirilýän olimpiadalaryna işjeň gatnaşyp, öz saýlan hünärlerine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga ýardam edýärler we baýrakly orunlary eýeleýärler.
Sport, sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek boýunça döwlet syýasatynyň wajyp ornuny eýeleýär. Fakultetiň talyplary futbol, woleýbol, basketbol, milli göreş, stol tennisi, ýeňil atletika ýaly sport ýaryşlarynda, şeýle hem şaşka, küşt we düzzüm ýaly stoluň üstünde aýnalýan oýunlarynda fakultetara we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar.
Institutda talyplaryň okuwdan boş wagtlaryny ýaşamak, medeni dynç almak we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Fakultetiň talyplary institutyň “Bagtyýarlyk joşguny” atly döredijilik toparyna işjeň gatnaşýarlar. Fakultetde yzygiderli terbiýeçilik ähmiýetli dürli duşuşyklar geçirilýär, ol ýerde sagdyn durmuş ýörelgesi, Watana bolan söýgi, ýaşululara hormat goýmak wagyz edilýär. Ruhlanan fakultet talyplary “Talyp joşguny”, “Talyp gözeli”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri”, “Ýylyň talyby” ýaly bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, ençeme gezek öz döredijilik ukyplaryny subut etdiler we baýrakly orunlary eýelediler.