Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan bilim syýasatynyň we düýpli bilim özgertmeleriniň netijesinde milli bilim ulgamy güýçli depginler bilen ösdürilýär, bilim-terbiýe bermek we hünär öwretmek işi barha kämilleşýär. Munuň şeýledigine institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň döwlet we halkara derejesinde geçirilýän bäsleşiklerine yzygiderli gatnaşyp, gazanýan üstünlikleri hem şaýatlyk edýär.
Institutyň we Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary tarapyndan ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin 86 sany okuw kitaplary we okuw gollanmalary taýýarlanyp çapa hödürlendi.
Institutda ýaş mugallymlary we talyplary Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň guramagynda ýaşlaryň arasynda geçirilýän ylmy bäsleşige gatnaşyp jemi 16 sany baýrakly orunlara, şol sanda 3 sany I oruna, 6 sany II oruna we 7 sany III oruna mynasyp boldular.