Türkmen oba hojalyk institutynyň Weterinar lukmançylygy fakulteti aşakdaky ukyplara eýe bolan ýokary hünärli, bäsleşige ukyply hünärmenleri taýýarlaýar:
Şeýlelikde, fakultet Türkmenistanyň ähli oba hojalyk pudagynyň mallarynyň saglygyny goramak, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we tehnologiki täzelenmek üçin ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlaýan toplumlaýyn ylym-bilim merkezi bolup hyzmat edýär.
Fakultet ýokary hünärli hünärmenleri aşakdaky hünärler boýunça taýýarlaýar:
Şeýle hem fakultet aşakdaky taýýarlyk ugurlary boýunça bakalawrlary taýýarlaýar:
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň gurluşynda 4 kafedra hereket edýär:
Weterinar lukmançylygy fakultetinde Weterinar lukmançylygy, Kompýuter programmalary okuw-ylmy barlaghanalary hereket edýär.
Weterinar lukmançylygy fakultetiniň çäklerinde Daşoguz welaýatynyň Döwlet weterinar gullugynda, Türkmen oba hojalyk institutynyň Okuw-tejribe hojalygynda, şeýle hem “Daşoguzobahyzmat” önümçilik birleşiginiň Daşoguz şäheriniň Hünär-tehniki mekdebinde binýatlyk kafedralary hereket edýär.
Fakultetiň mugallymlary ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdepleri üçin okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny taýýarlap çapa hödürleýärler.
Fakultetde Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasy bilen bilelikde gara mallaryň Golştin tohumyny pes önümli ýerli tohum bilen çaknyşdyrmak (gatyşdyrmak) boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Şeýle hem, fakultetiň kafedralarynda mugallymlaryň ylmy-barlag işleri giň gerimli alnyp barylýar. Weterinar lukmançylygy fakultetinde tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda talyplaryň ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde talyplara ylmy işleri alyp barmagyň usuly, usulyýeti, edebiýatlary seljermek we olara baha bermek ýaly işleri öwredilýär.
Ýaş alymlar geňeşiniň çäginde fakultetde
atly talyplaryň ylmy gurnaklary hereket edýär.
Gurnaklar institut we ýokary okuw mekdepleriniň derejesinde webinarlar maslahatlar, ylmy seminarlar, bäsleşikler, ussatlyk okuwlary, ylmy-amaly maslahatlar geçirýär. Şeýle-de önümçilik edara kärhanalara hem-de taryhy ýadygärliklere yzygiderli gezelençler guralýar.
Fakultetiň talyplary matematika, häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary we ykdysadyýet ýaly dersler boýunça halkara we döwlet ders bäsleşiklerine gatnaşyp, uly üstünlikler gazanýarlar.
Sport, sagdyn durmuş ýörelgesini öňe sürmek boýunça döwlet syýasatynyň wajyp ornuny eýeleýär. Fakultetiň talyplary futbol, woleýbol, basketbol, milli göreş, stol tennisi, ýeňil atletika ýaly sport ýaryşlarynda, şeýle hem şaşka, küşt we düzzüm ýaly stoluň üstünde oýnalýan oýunlarynda fakultetara we ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar.
Institutda talyplaryň okuwdan boş wagtlaryny ýaşamak, medeni dynç almak we guramaçylykly geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilendir. Fakultetiň talyplary institutyň “Bagtyýarlyk joşguny” atly döredijilik toparyna işjeň gatnaşýarlar. Fakultetde yzygiderli terbiýeçilik ähmiýetli dürli duşuşyklar geçirilýär, ol ýerde sagdyn durmuş ýörelgesi, Watana bolan söýgi, ýaşululara hormat goýmak wagyz edilýär. Ruhlanan fakultet talyplary “Talyp joşguny”, “Talyp gözeli”, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň bagtyýar gerçekleri”, “Ýylyň talyby” ýaly bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, ençeme gezek öz döredijilik ukyplaryny subut etdiler we baýrakly orunlary eýelediler.