Dalaşgär - 2024

TÜRKMEN OBA HOJALYK INSTITUTY
2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):
1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler:agrohimiýa we agrotopragy öwreniş; agroekologiýa; ýyladyşhana hojalygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek).
2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):
1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry:maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar)). Okuwyň dowamlylygy 5 okuw ýylyna (1 ýyl – dil taýýarlygy, 4 ýyl – bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
2. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry:awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda)).
3. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary:agroinženerçilik; gidrotehniki desgalar; oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy).
4. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: ýer gurluşygy we kadastrlar).
5. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda)).
6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda); sanly dolandyryş).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2024-nji ýylyň 15-28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Mary welaýaty - iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri;
  • Lebap welaýaty - awgust aýynyň 3-i, 4-i we 5-i günleri;
  • Daşoguz welaýaty - awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; agrohimiýa we agrotopragy öwreniş; weterinar lukmançylygy – himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;

hünärler: tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki desgalar – fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary:oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda); sanly dolandyryş; oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy – biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;

taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda); ýer gurluşygy we kadastrlar; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) – matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

  • soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere ýa-da taýýarlygyň ugurlaryna hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
  • «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy:
Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94, tel.: 9-33-92, 9-40-68, 9-27-47.