Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň dünýägaraýyşly, ýokary ahlakly, adamkärçilikli, beden taýdan sagdyn, kämil bilimli, hakyky watansöýüji nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, olaryň jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşmaklary, öňde goýan maksatlaryna ýetmekleri üçin ähli şertleri döretmek maksady bilen, “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi, “Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy” hereket edýär, şeýle hem, hormatly Prezidentimiziň Karary bilen “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy” tassyklandy. Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanynda Ýaşlar syýasaty boýunça bölümiň, Türkmenistanyň Mejlisinde ylym, bilim, medeniýet we ýaşlar syýasaty komitetiniň döredilmegi, şeýle hem, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky Ýaş alymlar merkeziniň döredilmegi, Ýaşlar baradaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekde esasy ädimleriň biridir. Ýaşlar syýasatyny durmuşa geçirmekde ýaş raýatlara hünär saýlamak, hünär öwrenmek we iş üpjünçiligi, olaryň bilim almaga we ylym bilen meşgullanmaga bolan höwesini kanagatlandyrmaklyga aýratyn üns berilýär.
Türkmen oba hojalyk institutynda Ýaş alymlar geňeşi hereket edýär. Ýaş alymlar geňeşiniň maksady ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň hilini kämilleşdirmekde institutyň alyp barýan okuw, okuw-usuly we ylmy-barlag işlerine ýardam bermekden, institutyň ylmy-tehniki kuwwatyny ylmy işlere höwesli talyp ýaşlaryň, aspirantlaryň hasabyna ösdürmekden, ylmy-barlag işlerini guramaklygy täze syýasy, ykdysady we tehnologiki şertlere laýyk getirmekden ybaratdyr. Geňeşiň düzümi ýaş mugallymlardan, ylma höwesjeň, işjeň talyp ýaşlardan durýar. Institutymyzda hereket edýän bu geňeş ylmy işlere höwesi bolan zehinli talyplary we ýaş mugallymlary ylmy işlere çekmek, ylmy döredijiligiň dürli görnüşlerini talyplaryň we ýaş mugallymlaryň arasynda ýaýmak, olaryň amaly we düýpli ylmy-barlaglara bolan gyzyklanmasyny ösdürmek, öwrenmegiň ylmy-barlag usullaryny ulanmak arkaly okuw dersleriniň talyplar tarapyndan çuňňur we döredijilikli özleşdirilmegini gazanmak, ylmy-tehniki meseleleri özbaşdak çözmekligiň usullaryny we ýollaryny talyplara öwretmek, zehinli talyplary dürli ylmy-barlag we guramaçylyk işlerine çekmek, talyplaryň öňdebaryjy häzirki zaman ýokary tehnologiýalar bilen tanyş bolmagyny we özleşdirmegini gazanmak, kafedradan başlap halkara derejelerine çenli ylmy-köpçülik çärelerini guramaklyga we geçirmeklige gatnaşmak, ylmy-amaly maslahatlary, seminarlary, talyplaryň ylmy işleriniň bäsleşiklerini, ders bäsleşiklerini, gurnaklaryň işinde ylmy çekeleşiklerini, görnükli alymlaryň, döredijilik we jemgyýetçilik işgärleriniň açyk umumy okuwlaryny we maslahatlaryny, ýaş alymlaryň ylmy-barlag işlerini kämilleşdirmek boýunça beýleki işleri geçirmek, ylmy-tehniki telekeçiligiň we innowasion telekeçiligiň endiklerini kemala getirmek maksady bilen, ýaş alymlary ýokary tehnologiýalaryň bazaryna gönükdirilen we düýpli ylmy-barlaglary talap edýän ylmy-tehniki önümçiligi döretmäge çekmek, ýurdumyzyň we öňdebaryjy daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdeplerinde talyplaryň ylmy işlerini guramak we alyp barmak boýunça toplan tejribelerini öwrenmek we ýaýratmak ýaly wajyp ugurlar boýunça öz işini alyp barýar.
Talyplaryň ylmy gurnaklary institutyň kafedralarynda ýaş hünärmenleriň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmaklyga, institutyň ylmy-tehniki we tehnologiki kuwwatyny saklamaklyga we artdyrmaklyga, ylmy-barlag işjeňliginde talyplaryň täze ykdysady şertlere uýgunlaşmaklygyna ýardam bermek, talyplarda ylmy-barlag endiklerini emele getirmek üçin şertleri döretmek we kämilleşdirmek, döredijilikli pikirlenmek ukybyny ösdürmek, talyplaryň okuw işinde alan bilimlerini çuňlaşdyrmak we berkitmek maksady bilen döredildi.
Häzirki wagtda institutymyzda jemi 11 sany talyplaryň ylmy gurnaklary hereket edýär:
Institutyň Ýaş alymlar geňeşiniň we talyplaryň ylmy gurnaklarynyň agzalary halkara, döwlet, ýokary okuw mekdep, institut derejelerinde geçirilýän ylmy çärelere işjeň gatnaşyp, ýokary netijeleri görkezýärler.