Institutyň oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi

Institutyň oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwaryndaky 1077 belgili Kararyna laýyklykda ýurdumyzyň obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleriň ylmy çemeleşmeler bilen has ykjam utgaşmagyny gazanmak maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynyň garamagyna Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezi berildi.

Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkezinde ylmy-barlag işleri meýilnama esasynda alnyp barylýar. Merkezde oba hojalyk ekinleriniň (bugdaýyň, gowaçanyň, miweli baglaryň, üzümiň, gök-bakja we kösükli-däneli ekinleriň) seleksiýasy we ilkinji tohumçylyk işi ylmy esasda geçirilýär. Merkezde oba hojalyk ekinleriniň täze bol hasylly sortlaryny döredýär hem-de olary ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasyy işlenip düzülýär we önümçilige hödürlenýär. Oba hojalyk ekinlerini kesellerden we zyýankeşlerden goramak üçin ýurdumyza getiriljek gerbisidleriň, fungisidleriň we insektisidleriň ilkinji synagyny geçirip, gowy netije görkezenlerini önümçilige teklip edýär.

Oba hojalyk ylmy-önümçilik merkeziň gurluş düzüminde 1 sany dolandyryjy bölüm, 5 sany ylmy bölüm we 1 sany hyzmat ediji bölüm bar. Şular bilen bir hatarda, bu merkeze degişli ýurdumyzyň welaýatlarynda ýerleşýän 9 sany ylmy-önümçilik synag hojalyklary bar. Olar: Ahal ylmy-önümçilik synag hojalygy, Mary ylmy-önümçilik synag hojalygy, Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygy, S.A.Nyýazow ylmy-önümçilik synag hojalygy, Lebap ylmy-önümçilik synag hojalygy, Saýat ylmy-önümçilik synag hojalygy, Daşoguz ylmy-önümçilik synag hojalygy, Akdepe ylmy-önümçilik synag hojalygy, Etrek ylmy-önümçilik synag hojalygy.