Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda” hem-de 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Elektronika we awtomatika boýunça I internet ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Elektronika we awtomatika boýunça I internet ders bäsleşigini (mundan beýläk Bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen dünýäde hem-de ýurdumyzda Elektronika we awtomatika babatynda ylmy-barlag hem-de tejribe işlerini ýerine ýetirmek, elektrotehnikanyň esasy kanunlaryny, elektrik zynjyrlarynyň grafiki şekillendirilişini we üpjünçilik shemalaryny, ölçeg, gözegçilik we gorag enjamlaryny, elektrik enjamlarynyň işleýşiniň we energiýasyny tygşytlamagyň düzgünlerini, elektromagnit zynjyrlaryny ýygnamak, derňemek, olaryň parametrlerini hasaplamak, elementleriň ýerine ýetirýän işlerini, shemalaryň okalyşyny hem-de elementleriň işleýiş yzygiderligini kesgitlemek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Elektronika we awtomatika boýunça internet ders bäsleşigini geçirmek Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri boýunça bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyryp okatmagyň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat.
Bäsleşigiň geçirilmegi häzirki döwürde önümçilikde elektronika bilen ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek, başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň Elektronika we awtomatika boýunça öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge, olaryň alan nazary bilimlerine daýanyp, hünär ussatlygyny has-da ösdürmäge itergi berer.
Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasy çykyş edýär.
II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşigiň maksady:
a) ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek;
b) ýokary ok uw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak
ç) hünärmenleri taýýarlamakda Elektronika we awtomatika dersleriniň ähmiýetine düşünmek;
d) talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek;
e) talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, olarda nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini hem-de başarnyklaryny berkitmek;
f) häzirki döwürde ýüze çykýan seljerme we taslama işlerini ýerine ýetirmekde olaryň ukybyny barlamak;
g) halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak;
h) Elektronika we awtomatika boýunça ylmy täzelikleri hem-de döwrebap tehnologiýalary özleşdirmek;
i) talyplaryň hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak.
III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
3.1. Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär.
Guramaçylyk topary:
a) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
b) Bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar;
ç) Bäsleşigiň test soragnamalaryny hem-de ýumuşlary işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.
IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň islendik taýýarlyk ugrunda, hünärinde we ýylynda okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.
4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi 3 (üç) sany talypdan bolan toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2023-nji ýylyň 22-nji apreline çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.
4.3. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 28-nji aprelinde sagat 14:30-da taýýar bolup, 15:00-da ähli ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda başlanýar.
4.4. Bäsleşigiň geçişine “Google Meet” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.
4.5. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.nesil.edu.tm web sahypasynda goýlar.
4.6. Bäsleşige gatnaşyjylara öz ýany bilen aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri ulanmaga rugsat berilmeýär.
4.7. Bäsleşige gatnaşýan talyplar 40 sany test soragdan we 10 sany meseleden ybarat bolan ýumşy özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagtynda goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylýar.
4.8. Bäsleşigiň meselelerinde berlen shemalary “NachalaElektroniki”, “Multisim Professional” we “TINA-TI” programmalarynyň islendiginde ýerine ýetirilip, öz adyň bilen bukja döretmeli we netijäni elektron poçta bilen bäsleşik gutarandan soň 15-20 minudyň dowamynda institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.
4.9. Bäsleşigiň test soragnamalaryny we ýumuşlaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 120 minut.
4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.
4.11. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
4.12. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.
4.13. Arz-şikaýat eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.
V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
5.1.Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy görnüşde hem-de toparlaýyn hasaba alynýar.
5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 10%-i I derejeli, 20%-i II derejeli we 30%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.
5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri we olaryň ýerine ýetiren işleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.
Habarlaşmak üçin
tel.: +99363902241
e-mail: tohi_tm@sanly.tm
Şu gözükdirji bilen bäsleşige gatnaşýan talyplary we olaryň mugallymlaryny, guramaçy topary tanyş etmeli.
Internet olimpiadanyň guramaçylyk işleri boýunça soraglaryňyzy guramaçy toparyň agzalary Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Garlybaý Paşşaýewe berip bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +99363902241.
Tehniki soraglar üçin Serdar Muminowa ýüz tutup bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +99365273775.
Hormatlamak bilen Guramaçylyk topary!