Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda” hem-de 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça VI internet ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Inžener we kompýuter grafikasy boýunça VI internet ders bäsleşigini (mundan beýläk Bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Bäsleşigiň geçirilmegi ýurdumyzyň önümçiligine ornaşdyrylýan öňdebaryjy tehnologiýalary we sanly ulgamy ýokary derejede özleşdirmäge ukyply zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga ýardam berer.
Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Amaly mehanika kafedrasy çykyş edýär.
Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.
Bäsleşigiň geçirilýän möhleti we geçiriliş şertleri institutyň web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.
II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşigiň maksady:
a) ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek;
b) ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;
ç) talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek;
d) talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek;
e) häzirki döwürde ýüze çykýan seljerme we taslama işlerini ýerine ýetirmekde talyplaryň ukybyny barlamak;
ä) halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak;
f) inžener we kompýuter grafikasy boýunça ylmy täzelikleri hem-de döwrebap tehnologiýalary özleşdirmek.
Bäsleşigiň wezipeleri:
a) häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak arkaly nazary meseleleri çözmeklige gyzyklanma döretmek;
b) zehinli we ukyply ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň mundan beýläk intellektual ösüşi bilen bagly hünär saýlamaklaryna oňyn şertleri döretmek;
ç) sanly maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalary arkaly ýokary okuw mekdepleriň we ylmy merkezleriň özara aragatnaşygyny amala aşyrmak.
III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
3.1. Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär.
Guramaçylyk topary:
a) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
b) Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri bilen bäsleşigiň ýumuşlaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.
IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň islendik taýýarlyk ugrunda we hünärinde okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.
4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron salgysy, telefon belgileri) 2024-nji ýylyň 17-nji maýyna çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.
4.3. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýlar.
4.4. Bäsleşigiň geçişine “Zoom” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.
4.5. Bäsleşigi geçirmegiň şerti:
bäsleşik 2 günüň dowamynda 2024-nji ýylyň 20-21-nji maýy aralygynda geçiriler:
bäsleşigiň birinji gününde ähli emin agzalarynyň gatnaşmagynda çekilen bije esasynda inžener grafikasy boýunça ýumuşlar taýýarlanar. Ýumuş kagyz ýüzünde ýerine ýetiriler;
bäsleşigiň ikinji gününde kompýuter grafikasy boýunça sanly grafiki programmalarynda gurnaýyş çyzgysy esasynda talyplar birnäçe detallardan ybarat bolan önümiň 3 ölçegli modelini taýýarlarlar. Sanly grafiki programmasynyň görnüşini gatnaşyjy islegine görä saýlap biler (AutoCAD, Kompas-3D, Autodesk Inventor, Solidworks we beýl.).
4.6. Bäsleşigiň ýumuşlaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 240 minut.
4.7. Bäsleşige berlen wagt tamamlanandan soňra, talyplar ýerine ýetiren işiniň elektron görnüşini hem-de onuň “.pdf” ýa-da “.jpg” görnüşindäki ýokary hilli nusgasyny 15-20 minudyň dowamynda institutyň tohi.tm.info@gmail.com elektron salgysyna ugratmaly.
4.8. Bäsleşige gatnaşýan talyp ýumşy özbaşdak ýerine ýetirmeli. Bäsleşik geçirilýän wagty gapdalyndaky ýoldaşy bilen gürleşmek, goşmaça edebiýat we tehniki serişdeleri ulanmaklyga rugsat berilmeýär. Şu düzgüni bozan talyp gatnaşyjylaryň hataryndan çykarylýar.
4.9. Bäsleşikde beriljek ýumuşlar Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan düzülip, eminler topary tarapyndan ylalaşylyp hödürlenýär.
4.10. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
4.11. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.
4.12. Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.
V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri ýumşuň ýerine ýetiriliş derejesine baglylykda toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy hem-de toparlaýyn görnüşde hasaba alynýar.
5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 10%-i I derejeli, 20%-i II derejeli we 30%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.
5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri we olaryň ýerine ýetiren işleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölüminde ýerleşdiriler.
Habarlaşmak üçin
tel.: +99365931638; +99365931638
e-mail: tohi.tm.info@gmail.com
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Guramaçylyk topary