Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ders bäsleşigi

Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ders bäsleşigini guramak we geçirmek hakynda

DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda” hem-de 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli okuwçylary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary orta mekdepleri tamamlandan soňra ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etmeklige ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, bu ugurda umumy bilim berýän mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

I. Umumy düzgünler

Şu Düzgünnama ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ders bäsleşigini (mundan beýläk - Bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ders bäsleşigini geçirmek Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri boýunça bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyryp, mekdep okuwçylyarynyň arasynda bäsleşige ukyply, aýratyn zehinli ýaşlary ýüze çykarmakdan, okatmagyň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat.

Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk instituty çykyş edýär.

Bäsleşigiň geçirilýän möhletleri we ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.

II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri

Bäsleşik okuwçylaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär. Bäsleşigiň maksady:

  • Aýratyn zehinli okuwçylary ýüze çykarmak;
  • Etrap merkezlerinden çetde ýerleşýän mekdeplerinde okaýan okuwçylaryň zehinini açmak we olaryň bilimlerini artdyrmak üçin usuly kömek bermek;
  • Orta we ýokary okuw mekdebinde zähmet çekýän mugallymlaryň özara pikir alyşmaklaryna ýardam bermek;
  • Orta we ýokary bilimi utgaşdyrmak;
  • Orta mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli pikir alyşmalaryny guramak;
  • Çet gyraky obalardan zehinli okuwçylary ýüze çykarmak, olarda ýokary bilim almaga bolan höwesi döretmek.

III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär. Guramaçylyk topary:

  • umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
  • bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar;
  • bäsleşigiň ýumuşlaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.

IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

Bäsleşige Türkmenistanyň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatynyň umumybilim berýän mekdepleriniň gutardyş synplarynyň okuwçylary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän okuwçylary mekdebiň özi kesgitleýär. Gatnaşjak okuwçylaryň sanawyny mekdep müdiriniň möhri bilen tassyklanan görnüşini we onuň elektron görnüşini (goşundy laýyklykda) her bir mekdep etrap bilim bölümine tabşyrmaly we elektron görnüşini etrap bilim bölümi jemläp 2024-nji ýylyň 24-nji apreline çenli institutyň tohi_tm@sanly.tm ýa-da tohi_tm.sanly.tm elektron salgysyna ugratmaly.

Bäsleşik

  • Mary welaýatynda 2024-nji ýylyň 6-njy maýynda sagat 9:00-da Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw binasynda;
  • Lebap welaýatynda 2024-nji ýylyň 8-nji maýynda sagat 9:00-da Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuw binasynda;
  • Daşoguz welaýatynda 2024-nji ýylyň 11-nji maýynda sagat 9:00-da Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw binasynda geçiriler.

Bäsleşik test soraglary arkaly geçiriler. Test soraglary gutardyş synplaryň dersleriniň maksatnamasy esasynda düzüler.

Bäsleşige gatnaşyjylara öz ýany bilen aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär;

Bäsleşige gatnaşýan okuwçylar soraglary hem-de ýumuşlary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar;

Bäsleşigiň ýumuşlaryny ýerine ýetirmek üçin, jemi 60 sorag we berilýän wagt – 90 minut.

Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.

Eminler topary bäsleşige gatnaşýan okuwçylaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.

Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.

V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegi we sylaglamagyň tertibi

Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy görnüşde hasaba alynýar.

Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny okuwçylaryň 10%-i I derejeli, 20%-i II derejeli we 30%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.

Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.

Bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen oba hojalyk institutynyň diplomy we sowgady bilen sylaglanýar.

Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmen oba hojalyk institutynda okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler dörediler.

Dürli soraglar ýüze çykan ýagdaýynda bäsleşigiň guramaçylyk topary bilen habarlaşyp bilersiňiz: guramaçylyk toparynyň kätibi Muminow Serdar Aşirdurdyýewiç (+993-65-27-37-75).

Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ders bäsleşiginiň

NETIJELERI

T/b Dersiň ady Daşoguz welaýaty Lebap welaýaty Mary welaýaty
1 Matematika Matematika-Daşoguz.pdf Matematika-Lebap.pdf Matematika-Mary.pdf
2 Fizika Fizika-Daşoguz.pdf Fizika-Lebap.pdf Fizika-Mary.pdf
3 Himiýa Himiýa-Daşoguz.pdf Himiýa-Lebap.pdf Himiýa-Mary.pdf
4 Biologiýa Biologiýa-Daşoguz.pdf Biologiýa-Lebap.pdf Biologiýa-Mary.pdf