Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” atly ylmy bäsleşigi

Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” atly ylmy bäsleşigi guramak we geçirmek hakynda

DÜZGÜNNAMA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýalaryň ösüşine, halkymyzyň aň-bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, ylmyň, tehnikanyň, önümçiligiň bitewiliginiň üpjün edilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşi babatda dünýäniň ösen döwletlerine mahsus bolan sepgitlere çykmagyna gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar hem-de meýilnamalar düýpli ylmy esaslara daýanýar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň giň gerimli özgertmeleriniň esasy strategik güýji hökmünde zehinli ýaşlaryň ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen taslamalarydyr maksatnamalaryny hem-de döredijilikli başlangyçlaryny amala aşyrmaklaryna goldaw bermek we höweslendirmek, ylym-bilim babatda ýaşlaryň hyzmatdaşlygyny ösdürmek barada beren möhüm tabşyryklaryndan, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli Maksatnamasynda”, şeýle hem “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda” kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, “Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli ylmy işler boýunça Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda “Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde” atly ylmy bäsleşigini (mundan beýläk – bäsleşik) geçirmek meýilleşdirilýär.

I. Umumy düzgünler

Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň mekdep okuwçylarynyň arasynda bäsleşiginiň şu Düzgünnamasy (mundan beýläk – Düzgünnama) bäsleşigiň guramaçylygynyň we geçirilmeginiň, guramaçylyk-usuly üpjünçiliginiň, gatnaşyjylaryň düzümini, bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmegiň tertibini kesgitleýär.

Bäsleşigiň guramaçysy hökmünde Türkmen oba hojalyk instituty çykyş edýär.

Bäsleşigiň resmi dili türkmen dili bolup durýar.

Bäsleşige ylmy-amaly maglumatlary özünde saklaýan işler goýberilýär.

Bäsleşige diňe özbaşdak ýerine ýetirilen işler hödürlenilmeli.

II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri

Bäsleşiginiň maksady – okuwçylaryň okuw-barlag işlerini işjeňleşdirmek, ylma bolan höwesini artdyrmak, bu ugurlarda ylmy barlaglara gyzyklanma bildirýän zehinli ýaşlary ýüze çykarmak we goldamak, täze maglumat tehnologiýalarynyň esasynda hünär ugrukdyryşyň innowasion görnüşlerini hem-de usullaryny kämilleşdirmekden ybaratdyr.

Bäsleşigiň wezipeleri:

  • okuwçylarynyň arasynda bilim, ylym ugurlary boýunça gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyşmak;
  • okuwçylaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek;
  • önümçilik we gözleg işlerinde ýüze çykýan ylmy hem-de amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek;
  • bilim edaralarynyň mugallymlar toparynyň işiniň innowasion görnüşlerini we usullaryny kämilleşdirmek boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak.

III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

Bäsleşigiň guramaçylygy we onuň geçirilmegi Guramaçylyk topary tarapyndan amala aşyrylýar.

Guramaçylyk topary:

  • okuwçylarynyň arasynda bu bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär;
  • bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar.

Emin agzalary bäsleşigiň degişli ugry boýunça öňdebaryjy mugallymlardan düzülýär.

Emin agzalary bäsleşigiň talaplaryna laýyk gelmeýän işleri, bäsleşige goýbermezlik hukugyna eýedir.

Bäsleşigiň Guramaçylyk topary bäsleşige hödürlenen işlerdäki maglumatlary işiň awtoryna hökmany salgylanmaklyk bilen täjirçilige degişli bolmadyk maksatlar üçin peýdalanmak hukugyna eýedir.

IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

Bäsleşige meýletinçilik esasynda umumy bilim berýän orta mekdepleriň 10-11-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilýärler.

Bäsleşige hödürlenilýän işler ylmyň aşakdaky ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda kabul edilýär:

  • Agronomçylyk;
  • Daşky gurşawy goramak we ekologiýa;
  • Maldarçylyk;
  • Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy;
  • Agroinženerçilik;
  • Oba hojalygynda maglumat tehnologiýalary;
  • Pedagogika, türkmen dili, sözleýiş medeniýeti, edebiýat.

Her bir gatnaşyjydan bir sany iş kabul edilýär.

Işiň baş sahypasynda (1-nji goşundy), işiň temasynyň ady, işi ýerine ýetirijiniň familiýasy, ady, atasynyň ady, okuwçynyň okaýan mekdebiniň ady we synpy; ylmy ýolbaşçysynyň familiýasy, ady, atasynyň ady we wezipesi görkezilmelidir.

Işiň goşundysyz esasy maglumatlarynyň göwrümi, setir arasy 1,5 bolan A4 ölçegli 20 sahypadan geçmeli däldir. Ýazgylar Times New Roman şriftli, esasy ýazgylar – 14 ölçegli, tablisalar – 12 ölçegli, setiriň ini boýunça deňlemeklik arkaly ýerine ýetirilmelidir. Ähli sahypalar boýunça ak setirde boş ýeriň giňligi 1,25 sm deň bolmalydyr.

Işiň düzümi şu aşakdakylardan ybarat bolmalydyr:

  • baş sahypa;
  • mazmuny;
  • giriş (işiň wajyplygy, maksady, wezipeleri);
  • edebiýat çeşmelerine syn;
  • barlaglaryň ýerine ýetiriliş usullary;
  • geçirilen ýerler we barlaglaryň netijeleri;
  • ahyrky netije;
  • ulanylan edebiýatlaryň sanawy;
  • goşundylar (eger bar bolsa).

Bäsleşik 2 tapgyrda geçiriler.

1-nji tapgyr, 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 27-ne çenli geçiriler. Gatnaşyjylar elektron görnüşinde arzany (2-nji goşundy) doldurýarlar we özüniň ylmy-barlag işini emin agzalaryna ýollaýarlar. Emin agzalary, ýollanan işleri barlaýarlar we oňa baha berýärler. Işleri bahalandyrmagyň şertleri:

Görkezijiler Talaplar Ballar Iň ýokary ball
Işiň wajyplygy Ylmy iş häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözýär, innowasion çözgüt bolup, degişli meseläniň çözüwi üçin täze bolup durýar. 8 8
Täze we wajyp mesele alnan, emma onuň çözüwi gutarnykly däl, şol bir wagtda meseläniň çözgüdi özbaşdak amala aşyrylan. 6
Täze we wajyp meseleleriň çözgüdi oýlanyp tapylan, emma ol eýýäm bar bolan usullaryň kömegi arkaly amala aşyrylan. 4
Mesele täze däl, onuň çözüwi hem bar, emma gatnaşyjy öz çözgüdini hödürleýär. 2
Mesele täze däl, gatnaşyjynyň hödürleýän çözgüdi hem öň bar bolan çözgütlere meňzeş. 1
Işiň mazmuny Ylmy iş köpsanly peýdaly maglumatlardan ybarat; ähli maglumatlar tertipleşdirilen, pikirleriň beýan ediliş yzygiderligi talabalaýyk; ähli barlaglar soňuna çenli amala aşyrylan; logiki jemlemesi we netijesi bar. 4 4
Ýokarda sanalyp geçilen görkezijileriň biri ýerine ýetirilmedik. 3
Artykmaç maglumat köp, pikirleriň beýan ediliş yzygiderligi ýok, işiň mazmuny açylyp görkezilmedik. 2
Işiň gerimi Ylmy iş köpçüligiň meselelerini çözmeklige ýardam berip biler. 4 4
Ylmy iş nähilidir bir şertler bilen çäklendirilýändigi sebäpli, kesgitli topar köpçüligine gönükdirilen. 3
Ylmy işden örän az adamlar topary peýdalanyp biler. 2
Işiň täzeçilligi Häzirki wagta çenli mälim bolmadyk hem-de ylymda we amalyýetde hasaba alynmadyk täze nazary hem-de amaly netijeleriň bolmagy. 4 4
Jemi baly 20

1-nji tapgyryň netijeleri jemlenenden soňra, gatnaşyjylaryň we olaryň ylmy ýolbaşçylarynyň elektron salgylaryna netijeler hem-de bäsleşigiň 2-nji tapgyryna gatnaşmak üçin çakylyklar ýollanar.

2-nji tapgyr welaýatlar boýunça awtorlaryň gatnaşmagynda prezentasiýa arkaly nutuk bilen çykyş etmek görnüşinde geçiriler. Çykyş etmäge rugsat berilýän wagtyň dowamlylygy 5-7 minut.

Bäsleşigiň 2-nji tapgyry aşakdaky senelerde geçiriler we jemleniler:

  • Mary welaýaty boýunça – 2024-nji ýylyň maý aýynyň 6-na Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň okuw binasy;
  • Lebap welaýaty boýunça – 2024-nji ýylyň maý aýynyň 8-ne Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň okuw binasy;
  • Daşoguz welaýaty boýunça – 2024-nji ýylyň maý aýynyň 11-ne Türkmen oba hojalyk institutynyň okuw binasy.

Bäsleşige gatnaşyjylar tarapyndan hödürlenilýän işler 2024-nji ýylyň aprel aýynyň 20-ne çenli çap edilen we elektron görnüşinde:

  • tohi_tm@sanly.tm ýa-da tohi.tm.info@gmail.com elektron salgysyna ugradylmaly. Ugradylandan soňra guramaçylyk toparynyň kätibinden işiň kabul edilendigi barada tassyknama almaklyk maslahat berilýär;
  • institutyň salgysy: 746300, Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy, Türkmen oba hojalyk institutynyň Ylym bölümi.

Bäsleşige gatnaşyjy Guramaçylyk toparyna jaň etmeklik bilen institutyň öňdebaryjy mugallymlaryndan özüniň alyp barýan işi boýunça maslahat almak mümkinçiligine eýedir.

Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe gatnaşyjynyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni Guramaçylyk toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.

V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi

Emin agzalaryndan düzülen topar ýollanan işleri barlaýar, eminler topary düzgünnamada getirilen bahalandyryş şertlerine baglylykda baha berýärler we her ugurdan iň oňat işleri ýüze çykarýarlar.

Bäsleşigiň netijelerini jemlemeklik işi umumy mejlisde kabul ediler. Ýeňiji bolan okuwçylar hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanylar.

Baýrakly orunlary eýelän okuwçylara Türkmen oba hojalyk institutynda okuwyny dowam etdirmäge ýeňillikler dörediler.

Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web saýtynyň ýörite bölümine ýerleşdiriler.

Dürli soraglar ýüze çykan ýagdaýynda bäsleşigiň guramaçylyk topary bilen habarlaşyp bilersiňiz: guramaçylyk toparynyň kätibi Muminow Serdar Aşirdurdyýewiç (+993-65-27-37-75).

Türkmenistanyň umumybilim berýän mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ders bäsleşiginiň

NETIJELERI

T/b Bäsleşigiň ady Daşoguz welaýaty Lebap welaýaty Mary welaýaty
1 Oba hojalyk ylmy: geljek ýaşlaryň elinde Ylmy_bäsleşik_Daşoguz.pdf Ylmy_bäsleşik_Lebap.pdf Ylmy_bäsleşik_Mary.pdf