I. Adalgalar we kesgitlemeler
Şu Düzgünnamada aşakdaky adalgalar ulanylýar:
II. Umumy düzgünler
2.1. Şu Düzgünnama “Bilim hakynda”, “Innowasiýa işi hakynda”, “Rasionalizatorçylyk işi hakynda”, “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, täjirçilik mümkinçilikleri bar bolan we ösüşiň başlangyç tapgyrynda duran taslamalary durmuşa geçirmek, täze harytlary, önümleri, tehnologiýalary ýa-da ylmy-tehniki we tehnologiki barlaglaryň netijelerini peýdalanmak bilen hyzmatlary işläp taýýarlamak boýunça “AgroTechFuture: durnukly ösüş üçin agroinnowasiýalar” atly işewürlik-telekeçilik Start-up bäsleşiginiň (mundan beýläk - Bäsleşik) guramaçylygynyň we geçirilmeginiň, guramaçylyk-usuly üpjünçiliginiň, gatnaşyjylaryň düzümini, bäsleşigiň ýeňijilerini yglan etmegiň tertibini kesgitleýär.
2.2. Bäsleşigiň maksady talyplary özbaşdak ýa-da toparlaýyn esasda ideýany/taslamany döretmek we ösdürmek arkaly tehnologiki telekeçiligiň tejribesini almak mümkinçiligini döretmekden ybarat.
2.3. Bäsleşigiň esasy wezipeleri:
2.4. Işewürlik-telekeçilik Start-up bäsleşigini guramaçylary hökmünde Türkmen oba hojalyk instituty we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti (mundan beýläk – Guramaçylar) çykyş edýärler.
III. Esasy düzgünler
3.1. Bäsleşik barada ähli maglumatlar ýokary okuw mekdebiniň www.tohi.edu.tm web-saýtynda beýan ediler.
3.2. Bäsleşik 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 24-nde geçirilýär.
3.3. Bäsleşigiň ugurlary:
3.4. Bäsleşige Türkmen oba hojalyk institutynda bilim alýan talyp ýaşlar gatnaşyp bilerler.
3.5. Ideýalaryň/taslamalaryň hiline baha bermek we bäsleşigiň üç ugry boýunça netijelerini jemlemek üçin eminler topary dörediler.
3.6. Eminler topary ýollanan işleri barlaýarlar we düzgünnamada görkezilen bahalandyryş şertlerine baglylykda baha berýärler.
IV. Eminler toparynyň düzülişi we işi
4.1. Eminler toparynyň düzümi gatnaşyjylaryň arzalaryna, tanyşdyryş işlerine, ideýalaryň/taslamalaryň goralyşyna baha bermek üçin tassyklanylýar.
4.2. Eminler toparynyň agzalary guramaçylaryň mugallymlaryndan we hünärmenlerinden düzülýär.
4.3. Eminler topary 5 agzadan ybarat bolup, bäsleşigiň düzgünlerini we talaplaryny berjaý etmeklige, bäsleşigiň dowamynda oňa degişli maglumatlary, şol sanda gatnaşyjylaryň şahsy maglumatlaryny aýan etmezlige borçlanýarlar.
4.4. Eminler toparynyň işi ugradylan işlere baha bermeklikde, jemleýji tapgyrda öz ideýalaryny/taslamalaryny goramak üçin degişli bahalandyryş talaplary esasynda iň oňat işleri saýlamakda, şeýle hem “AgroTechFuture: durnukly ösüş üçin agroinnowasiýalar” atly işewürlik-telekeçilik Start-up bäsleşiginiň ýeňijilerini kesgitlemek bilen jemlenýär.
V. Bäsleşigi geçirmegiň tapgyrlary
5.1. Bäsleşige hasaba alnyş, ideýa/taslama barada maglumatlary (PowerPoint programmasy arkaly ideýanyň/taslamanyň tanyşdyrylyşy) 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 20-ne çenli kabul ediler. Bäsleşige degişli resminamalary tohi.tm.info@gmail.com elektron salga ýollamaly.
5.2. Jemleýji tapgyr 2024-nji ýylyň iýun aýynyň 24-nde Türkmen oba hojalyk institutynda geçiriler.
Ideýalaryň/taslamalaryň awtorlary öz işlerini eminler toparynyň agzalarynyň öňünde özleriniň liderlik häsiýetlerini we ideýanyň/taslamanyň taýýarlanyş derejesini görkezmek bilen çykyş etmelidirler. Ideýalary/taslamalary bahalandyrmak işi şu Düzgünnamanyň indiki bölüminde getirilen talaplar esasynda amala aşyrylar.
VI. Ideýalary we taslamalary bahalandyrmagyň talaplary
6.1. Ideýalary/taslamalary bahalandyrmagyň talaplary:
6.2. Jemleýji tapgyrynda ideýalary/taslamalary bahalandyrmagyň talaplary:
VII. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegiň we sylaglamagyň tertibi
7.1. Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň ýeňijileri guramaçylar tarapyndan diplomlar we sowgatlar bilen sylaglanarlar.