“Weterinariýa we maldarçylyk pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek üçin geljegi uly meseleler” atly tema boýunça uzak aralykdan halkara ylmy maslahaty geçirildi

Mälim bolşy ýaly, şu günler dünýä döwletleriniň birnäçe abraýly ýokary okuw mekdepleri bilen ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ylym-bilim babatda hyzmatdaşlyk giňden ýola goýlup, üstünlikli alnyp barylýar. Türkmen oba hojalyk instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkand weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça ozal baglaşylan ähtnama laýyklykda giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu gün Özbegistan Respublikasynyň Samarkand weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň “Weterinariýa we maldarçylyk pudagyna innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak we ösdürmek üçin geljegi uly meseleler” atly tema boýunça uzak aralykdan halkara ylmy maslahaty geçirildi.

Uzak aralykdan sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly geçirilen okuw sapaklary Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli we parasatly ýolbaşçylygynda bilim ulgamyny kämilleşdirmek, Sanly bilim konsepsiýasyny durmuşa ornaşdyrmak döwlet syýasatyndan ugur alnyp geçirildi. Bu bolsa Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara hormatlamak syýasaty netijesinde Özbegistan bilen dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da ösdürilýändigine doly şaýatlyk edýär.

Ýeri gelende Türkmen oba hojalyk instituty bilen Özbegistan Respublikasynyň Samarkand weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň arasynda gatnaşyk etmek üçin ähtnama esasynda bu iki sany baýry ýokary okuw mekdebiniň arasynda ylym-bilim, okgunly ösýän oba hojalyk ulgamlarynda giň gerimli hyzmatdaşlyk etmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar. Häzirki wagtda iki ýokary okuw mekdepleriniň arasynda iki dostlukly ýurduň ençeme ýyllaryň dowamynda işjeň hyzmatdaşlyk edip gelýän ugurlarynyň biri bolan obasenagat ulgamyny toplumlaýyn özgertmek şeýle-de oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň, hususan-da, zerurlyk çekýän üçünji bir ýurtlara eksport etmäge niýetlenen gök-bakja önümlerini gaýtadan işlemek boýunça dürli usullary döretmek boýunça giň gerimli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Şulardan ugur alnyp bu günki geçirilen uzak aralykdan sanly ulgam arkaly ylmy maslahatyna iki ýokary okuw mekdebiniň mugallymlarydyr we talyplary şeýle-de birnäçe döwletleriň wekilleri işjeň gatnaşdylar. Olar maldarçylyk pudaklaryny ösdürmek, mallarda gabat gelýän dürli görnüşli kesellere garşy göreşmek barasynda durmuşa geçirilýän barada özara pikir alyşýarlar.

Giň many-mazmuna eýe bolan sapagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Serdar MUMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy