Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlary geljegi uly ugurlardaky ylmy gözleglere giňden çekmek meselesine yzygiderli üns bermegi bilen, her ýyl Ylymlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýän ylmy bäsleşige gatnaşýanlaryň sany ýyl-ýyldan artýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän şu ýylda hem oňa ýaş alymlaryň we talyplaryň 1670-si gatnaşdy. Olar ylmyň we tehnologiýalaryň esasy alty ugry boýunça öz işläp taýýarlamalaryny, nazary gözleglerini, ylmy barlaglaryny hödürlediler. Bäsleşik «Nanotehnologiýalar, himiki tehnologiýalar, täze materiallary öwrenmek we energetika»; «Biotehnologiýa, molekulýar biologiýa, oba hojalygy, ekologiýa we genetika»; «Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, kompýuter tehnologiýalary»; «Häzirki zaman lukmançylyk we derman serişdelerini öndürmek tehnologiýalary»; «Innowasion ykdysadyýet»; «Ynsanperwer ylymlar» ýaly ugurlar boýunça geçirildi. Häzirki döwürde bu ugurlarda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeler, ilkinji nobatda, milli bähbitleriň üpjün edilmegine, durmuş-ykdysady ösüşiň täze sepgitlerine ýetilmegine gönükdirilendir.
Bäsleşige möhüm ugurlar boýunça diňe bir nazary däl-de, amaly taýdan ähmiýetli bolan işläp taýýarlamalar hem hödürlenildi. Seljeriş topary tarapyndan bäsleşigiň baýrakly orunlaryna hödürlenen, ýeňşe mynasyp görlen ýaş alymlaryň 107-siniň ylmy işleri saýlanyp alyndy. Şunda olaryň ähmiýeti, ylmy tarapdan täzeçilligi, ol taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirmek we önümçilige ornaşdyrmak nukdaýnazaryndan zerurlygy göz öňünde tutuldy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň ýaş alymlarynyň üçüsiniň bäsleşikde ýeňiji bolmaklary hem aýratyn guwandyryjy wakadyr. Olardan, Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy Ýangiljon Palýazowa III orna, Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Aýşat Allaberdiýewa we Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Merdan Toraýew II orna mynasyp bolup, hormatly Prezidentimiziň adyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.
Ylmy bäsleşigiň ýeňijileri ýaş nesiller hakynda hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin Arkadagly Garhryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdýarlar we mähriban Watanymyzyň abraýynyň has-da belende galmagy ugrunda tutanýerli zähmet çekjekdiklerine ynandyrýarlar.
Serdar MUMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy