Daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak – adamzadyň öňünde durýan iň esasy meseleleriň biridir. Ol adamlaryň arassa howanyň hapalanmagyna getirýän ähli işleriniň täsirleri bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynda hereket edýän Ýaş bagban talyplaryň ylmy gurnagy tarapyndan Gök asman üçin arassa howanyň halkara güni mynasybetli “Howanyň üýtgemegine garşy geçirilýän çäreler” atly mugallymlaryň we talyplaryň arasynda tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi. Her bir ylmy nutuk boýunça sorag-jogap alyşmak bilen talyplar tebigaty gorap saklamak, howanyň üýtgemegi baradaky bilimlerini, dünýägaraýşlaryny artdyrdylar.
7-nji sentýabrda dünýäde gök asman üçin arassa howa güni bellenilýär. Bu günüň maksady howanyň hilini gowulandyrmak boýunça habarlylygy ýokarlandyrmak we çäreleri görmäge ýardam etmekdir. Bu işleri alyp barmak üçin täze usullary tapmak, biziň sebäp bolýan howanyň hapalanmagynyň mukdaryny azaltmak we her bir adamyň, hemme ýerde arassa howadan dem almak hukugyndan peýdalanmagyny üpjün etmek üçin global çagyryşdyr.
Adamyň saglygyny goramak üçin howanyň hilini ýokarlandyrmak, şol sanda howanyň hapalanmagyny azaltmak üçin tagallalary güýçlendirmegiň zerurdygyna söhbetdeşlige gatnaşan talyplaryň ünslerini çekip, bu barada düşünjelerini giňeltdiler.
Howanyň üýtgemegi barada Milli strategiýada, Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda, beýleki giň möçberli durmuş-ykdysady maksatnamalarda tassyklanylan ugurlaryň çäklerinde biologik köpdürlüligi we tebigy baýlyklary goramak boýunça uly işler amala aşyrylýar. Bag nahallarynyň yzygiderli oturdylmagy bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde tokaý zolaklary döredildi. Bu ugurda giň möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýagdaýlara garşy göreşmek boýunça umumydünýä tagallalaryna mynasyp goşantdyr.
Türkmen topragynyň ajaýyp tebigatyny gorap saklamak, suw, ýer we biologik serişdelerini rejeli peýdalanmak, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak meseleleriniň oňyn çözülmegi adamlaryň saglygynyň goralmagyny üpjün edýär. Seýilgäh we gök zolaklaryň döredilmegi, olaryň meýdanlarynyň giňeldilmegi halkymyzyň tebigat bilen sazlaşykly ýaşamak ugrundaky gadymy däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändigini görkezýär.
Aýnabat KERIMOWA
Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň uly mugallymy