Garaşsyz Türkmenistanda oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygy ösüş ýolunda

Berkarar döwletiň Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda azyk bolçulygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde öňde goýýan wezipelerini durmuşa geçirmekde innowasion ulgamy döretmek bilen oba hojalyk ekinlerinden alynýan hasyllylygy we hasylyň hilini ýokarlandyrmak zerur bolup durýar.

Şonuň bilen baglylykda üstümizdäki ýylyň 19-20-nji sentýabry aralygynda ýokary guramaçylykly derejede “Oba hojalyk ekinleriniň tohumçylygynda ýetilen sepgitler we öňde durýan wezipeler” atly Halkara ylmy maslahatynyň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Halkara derejesinde geçirilen ylmy maslahata daşary ýurtlardan birnäçe alymlar gatnaşdylar we tohumçylyk ylmynda gazanylan üstünlikleri bilen çykyş etdiler hem-de netijeli pikir alyşdylar.

Şeýle hem Türkmenistanyň alymlary ýurdumyzyň tohumçylygyny ösdürmek boýunça alyp barýan işleri barada çuňňur manyly maglumatlary berdiler.

Biz hem Türkmen oba hojalyk institutynda bu ugurda ýeten sepgitlerimiz barada ylmy maslahatyň çäginde “Gök ekerançylyk, bagçylyk we üzümçilik pudaklarynda halkara hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti” atly bölüminde “Daşoguz welaýatynyň şertlerinde kädiniň ýokary hasylly, ir ýetişýän sortlaryny döretmek” atly tema bilen çykyş edip, ýurdumyzda ýetişdirilýän kädiniň ir ýetişýän, bol hasylly sortlaryny çaknyşdyrmak netijesinde tagamy, hili boýunça has-da tapawutlanýan sortlary döretmek babatynda gazanan netijelerimiz boýunça çykyş etdik. Biziň alyp barýan ylmy-barlag işlerimize daşary ýurtly alymlarynda uly gyzyklanma döredi. Bu bolsa geljekde ikitaraplaýyn bähbitli ylmy-barlag işleri ýola goýmaga mümkinçilikleri döreder.

Bahar ÝUSUPOWA,

Ösümlikçilik kafedrasynyň müdiri, uly mugallym, biologiýa ylymlarynyň kandidaty