“Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ylym-bilim ulgamyny ösdürmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Ýaşlaryň ylmy işler bilen meşgullanmagyny höweslendirmek we yaş nesliň ylym-bilimini, hünär ussatlygyny kämilleşdirmek ugrunda ähli zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän şeýle mümkinçiliklerden ugur alyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, ýagny 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 16-17-ne Türkmen oba hojalyk institutynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly ylmy-taslamalar bäsleşigi geçirildi. Halkara derejesinde geçirilen bu bäsleşige daşary ýurt döwletleriniň 26 sany ýokary okuw mekdeplerinden jemi 50 sany, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň 16 sany ýokary okuw mekdeplerinden 100-den gowrak ylmy-taslama işleri hödürlendi.

Bäsleşigin ilkinji gününde bäsleşige gatnaşyjylar ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşlerini beýan edýän sergi bilen tanyşdylar. Soňra bäsleşigiň açylyş dabarasynda Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolowyň halkara bsleşigine gatnaşyjylara gutlag sözi diňlenildi. Sanly ulgam arkaly geçirilýän bu halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň açylyş dabarasynda daşary ýurtly hormatly myhmanlardan Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň rektory, professor H.Ýunusow çykyş etdi. Şeýle hem dabarada bäsleşigiň eminler toparynyň başlygy – Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Agrar özgertmeler, oba hojalyk ylmy we bilimi müdirliginiň baş hünärmeni, oba hojalyk ylymlarynyň kandidaty G.Ýusupow çykyş etdi we bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine üstünlik arzuw etdi.

Günüň ikinji ýarymynda “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly” atly ýurdumyzyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda sanly ulgam arkaly geçirilýän ylmy-taslamalar bäsleşiginde daşary ýurtly gatnaşyjylaryň ylmy-taslamalary diňlenildi we seljerilildi.

Bäsleşigiň ikinji gününde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary bäsleşige hödürlän ylmy-taslama işleri bilen çykyş etdiler. Bäsleşigiň netijeleri üç ugur boýunça jemlendi. Oba hojalyk taslamalary ugry boýunça I orna daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň bäş sany talyby, II orna on üç sany talyp, III orna on alty sany talyp mynasyp boldular. Bu ugur boýunça Twer döwlet oba hojalyk akademiýasynyň talyby Sokolow Stepan Anatolýewiç, Belorus döwlet agrar tehniki uniwersitetiniň talyby Sawelýewa Sabrina Wladimirowna, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby Berdiýewa Bahar Bagtyýarowna, Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň talyby Atahanow Bagtyýar Ýazgeldiýewiç, Çuwaş döwlet agrar uniwersitetiniň talyby Gromow Nikita Mihaýlowiç has tapawutly çykyş edip, I orna mynasyp boldular.

Halkara ylmy-taslamalar bäsleşiginiň Işewürlik taslamalary ugry boýunça Başgyrt döwlet agrar uniwersitetiniň talyby Abzalilowa Ýelena Ýewgenýewnanyň, Ural döwlet ykdysadyýet uniwersitetiniň talyby Džalilow Bagi Wahid oglunyň çykyşlary I orna mynasyp boldy.

Bäsleşigiň IT – taslamalary ugry boýunça Ýaponiýanyň Tokai uniwersitetiniň talyby Ataýew Aşyrgeldi Merdanowiç, Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň talyby Hematullaýew Ozodbek Utkurowiç has tapawutlanyp, I orna mynasyp boldular.

Geçirilýän şeýle bäsleşikler ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmekde, dünýä döwletleriniň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde, halklaryň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Miwe Nuryýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy