“Hasyl toýy – döredijilikli zähmetiň, rysgal-berekediň, agzybirligiň baýramy” atly ylmy-amaly maslahaty gecirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda 2024-nji ýylyň 4-nji noýabrynda geçirilen “Hasyl toýy – döredijilikli zähmetiň, rysgal-berekediň, agzybirligiň baýramy” atly ylmy-amaly maslahat, ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamyndaky ösüşleriň we üstünlikleriň dabaralanmasy boldy. Bu çäräniň dowamynda ýurdumyzda oba hojalyk pudagynyň ösüşine we döwletimiziň bu ugurdaky alyp barýan syýasatyna bagyşlanan çuňňur ylmy pikirleriň orta atylmagy hem-de täze başlangyçlaryň öňe sürülmegi möhüm ähmiýete eýe boldy

.

Ilki bilen maslahatyň umumy mejlisi geçirildi. Onda institutyň mugallymlary we talyplary, pudakdaky öňde durýan meseleler we ösüş mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurdumyzyň oba hojalyk ulgamynda gazanylan üstünlikler, oba hojalygynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, şeýle hem ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy boýunça täze teklipler orta atyldy.

Soňra maslahat bäş bölümçede dowam etdi:

1. Hasyl toýy – rowaçlygyň we agzybirligiň baýramy.
Bu bölümçede Hasyl toýunyň ähmiýeti, onuň oba hojalyk işgärleriniň döredijilikli zähmetiniň dabaralanmasy hökmünde ähmiýeti aýratyn bellenilip geçildi. Hasyl toýy diňe bir rysgal-berekediň baýramy bolmak bilen çäklenmän, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň nyşany hökmünde çykyş edýär. Onda halkymyzyň milli ýörelgelerine esaslanýan ösüşiň rowaçlyklara beslenýändigi aýratyn nygtaldy.

2. Durnukly azyk bolçulygy – halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşynyň kepili.

Ikinji bölümçede ýurdumyzda azyk howpsuzlygynyň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Azyk bolçulygyny gazanmak ugrunda döwlet tarapyndan amala aşyrylýan taslamalar, oba hojalygynda durnukly ösüşi gazanmagyň we azyk önümleriniň hilini ýokarlandyrmagyň usullary barada gürrüň edildi.

3. Bereketli türkmen topragy – bagtyýar ýaşaýşyň çeşmesi.

Türkmen topragynyň bereketini açyp görkezmek maksady bilen geçirilen üçünji bölümçede, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösüşi bilen bagly ylmy barlaglaryň netijeleri, hasyl öndürijiligini artdyrmakda toprak we howa şertlerini has netijeli ulanmagyň usullary ara alnyp maslahatlaşyldy.

4. Oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmegiň möhüm meseleleri.

Dördünji bölümçede oba hojalyk pudagyny ylmy esasda ösdürmek boýunça öňde durýan meseleler we mümkinçilikler bilen bagly pikirler orta atyldy. Täze agrotehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýerli we halkara hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, ylmy işleriň önümçilige goşandy aýratyn nygtaldy

.

5. Ýer we suw baýlyklaryny netijeli peýdalanmak – döwrüň talaby.

Bäşinji bölümçede ýer we suw serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olaryň gaýtadan dikeldilmegi hem-de goralmagy bilen baglanyşykly meseleler barada gürrüň edildi. Çykyş eden mugallymlar, bu ugurda döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagyň we ekologiýa taýdan arassa önümçiligi gazanmagyň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen “Hasyl toýy – döredijilikli zähmetiň, rysgal-berekediň, agzybirligiň baýramy” atly ylmy-amaly maslahat, oba hojalyk pudagynyň ösüşine täze ylmy nukdaýnazarlary goşmak we möhüm çözgütleri işläp düzmek üçin uly itergi berdi. Bu çäre halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň we agzybirliginiň nusgalyk mysalydyr. Hasyl toýunyň dabarasy diňe bir bereketli türkmen topragynyň baýramy bolman, eýsem, bagtyýar halkymyzyň zähmet ýeňişleriniň dabaralanmasydyr.

Aýnur ŞYHYÝEWA,
Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby