Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotenologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek, ylym-bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Oba hojalyk pudagyny durnukly esasda ösdürmek, geljekki ýokary bilimli ýaşlaryň ylym-bilimini, hünär ussatlygyny kämilleşdirmek ugrunda ähli zerur bolan mümkinçilikler döredilýär. Döredilýän şeýle mümkinçiliklerden ugur alyp, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda, ýagny 2024-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Türkmen oba hojalyk institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotenologiýalaryň orny” atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Sanly ulgam arkaly geçirilen halkara ylmy-amaly maslahata 14 sany döwletden 84 sany ýokary okuw mekdepleriniň we ylmy merkezleriniň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň umumy mejlisinde Türkmen oba hojalyk institutynyň rektory D.Ýolow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Soňra Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan, Gazagyztan, Belarus, Täjigistan, Gyrgyzystan, Moldowa Respublikalaryndan hem-de Päkistan Yslam Respublikasyndan wekiller oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny barada sanly ulgam arkaly täsirli çykyş etdiler.

Halkara ylmy-amaly maslahat bäş bölümde işini dowam etdirdi. 1-nji bölüm “Gen inženerçiligi we oba hojalyk ekinleriniň seleksiýasy”, 2-nji bölüm “Maldarçylykda biotehnologiýalar”, 3-nji bölüm “Biopestisidler we biodökünler”, 4-nji bölüm “Bioremediasiýa we ekologiki durnuklylyk”, 5-nji bölüm “Oba hojalyk biotehnologiýasynda bilim we mümkinçilikleri artdyrmak” ýaly atlar bilen geçirildi. Olarda jemi 260 sany işler diňlenilip, edilen çykyşlaryň içinde iň tapawutlylary aýratyn bellenildi we halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleýji bölüminde yglan edildi.

Geçirilýän şeýle maslahatlar ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmekde, dünýä döwletleriniň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygyny has-da berkitmekde, halklaryň arasynda dostluk-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýedir.

Miwe Nuryýewa
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy