Ylmy-döredijilik maslahat geçirildi

“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylan Täze 2025-nji ýylyň ilkinji günlerinde, has takygy, 10-njy ýanwarda Türkmen oba hojalyk institutynda türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli dessançy şahyry hasaplanýan Nurmuhammet Andalybyň ömri we döredijiligine bagyşlanan “Nurmuhammet Andalyp – kyssaly dessançylyk däbiniň kerwenbaşysy” ady bilen ylmy-döredijilik maslahaty geçirildi.

Maslahatda Daşoguz welaýat teleradiostudiýasynyň gepleşikleri gurnaýjysy we taýýarlaýjysy, şahyr Dädebaý Nartyýew, “Daşoguz habarlary” gazetiniň habarçysy, şahyr Gurban Gurbanow, institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymlary Aýjeren Tagandurdyýewa, Hurmagül Ýuldaşewa, Şatlyk Hudaýberdiýew, Miwe Nuryýewa çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda Türkmen edbiýatynyň nusgawy şahyry Nurmuhammet Andalybyň ömri we köptaraply döredijiligi barada täsirli gürrüňler berdiler. Şahyryň dürli temalarda döreden şygyrlarynyň many-mazmuny, “Ýusup-Züleýha”, “Leýli-Mejnun” dessanlarynda öňe sürülýän pikirler, “Oguznama”, “Nesini” poemalarynyň taryhy ähmiýeti barada beren gürrüňleri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Nurmuhammet Andalybyň türkmen edebiýatynyň dessançylyk, tahmys ýazmak ýaly edebi däplerini ösdüren görnükli şahyrdygyny edebi eserleriniň üsti bilen täsirli düşündirdiler.

Maslahatyň dowamynda şahyrlaryň okan ajaýyp goşgulary, institutyň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetiren türkmen halk aýdymlary, Watanymyzyň waspyny ýetirýän ajaýyp aýdymlary dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy.

Döredijilik maslahatynda çykyş edenler edebi mirasymyzy çuňňur öwrenmekde, ony dünýä ýaýmakda beýik işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Miwe NURYÝEWA
Institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy