Onlaýn ylmy-okuw maslahaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyna sanly tehnologiýalaryň giňden ornaşdyrylmagy, ýokary okuw mekdeplerinde zehinli ýaşlara ylmy işler bilen meşgullanmaga, ekerançylygyň meseleleri boýunça ýaş alymlaryň ylmy bäsleşiklerine gatnaşmaga şertleriň döredilmegi, sanly ulgam arkaly ýudumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda onlaýn ylmy-okuw maslahatlaryny geçirmek, tejribe alyşmak ýola goýuldy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy Ýazguly Ataýew 2025-nji ýylyň 25-nji martynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda “Ekerançylykda mineral dökünleri dogry ulanmagyň ähmiýeti” atly onlaýn ylmy-okuw maslahatyny geçirildi.

Bu maslahatyna ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň, ýagny S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň, S.Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Türkmenistanyň inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalar institutynyň, Türkmen oba hojalyk institutynyň professor-mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.

Maslahatda uly mugallym Ýazguly Ataýew mineral dökünler, olaryň görnüşleri, düzümi, häsiýetleri, ýurdumyzyň oba hojalygynda, aýratynam pagtaçylyk pudagynda mineral dökünlerden ylmy esasda netijeli peýdalanmagyň usullary, mineral dökünleriň ekinleriň hasyllylygyny we onuň hilini gowulandyrmakda ähmiýeti, topragyň mehaniki düzümi, şorlaşma derejesi, iýmit maddalary bilen üpjünçiligi, topragyň täsirlenmesi bilen baglanyşykly (pH) mineral dökünleri saýlap ulanmak, dökünleriň netijeliligini artdyrmak boýunça geçirilmeli agrotehniki usullar barada täsirli maglumatlar giňişleýin beýan edildi.

Ýurdumyzyň dürli welaýatlarynyň ekerançylygynda ulanylýan suwarymly topraklarda gowaçany we beýleki ekinleri ösdürip ýetişdirmekde dökünleriň ähmiýeti dogrusynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanyp köp sanly peýdaly maglumatlaryň ýerlikli ulanylmagy maslahatyň täsirli bolmagyny üpjün etdi.

Gurbangeldi GURJIÝEW,
Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň müdiri