Hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyny ylmy esasda alyp barmak, maglumat we maslahat beriş hyzmatlaryny has-da giňeltmek barada berýän tabşyryklaryndan hem-de Türkmenistanda BMG-niň Durnukly ösüşüň maksatlaryna ýetmek üçin öňde goýýan wezipelerinden ugur alnyp Türkmen oba hojalyk institutyň tejribeli professor-mugallymlary tarapyndan Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk edara-kärhanalarynyň hünärmenleri bilen maslahat beriş okuwlary gurnaldy. Bu okuwlar “GIS we onuň mümkinçilikleri”, “Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar”, “Sanly ykdysadyýet”, “Oba hojalygyny mehanizmleşdirmekde sanly tehnologiýalar”, “Weterinariýada innowasion tehnologiýalar” ýaly ugurlar boýunça geçirildi.
“GIS we onuň mümkinçilikleri” okuwyna Daşoguz welaýat ýer serişdeleri müdirliginiň, “Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň, Daşoguz ýer gurluşyk gözleg ekspedisiýasynyň, Daşoguz agrohimiýa barlaghanasynyň hünärmenleri gatnaşdylar. Bu okuwyň “Daşoguzsuwhojalyk” önümçilik birleşiginiň “Şabatsuwhojalyk” önümçilik dolanşygynda geçirilmegi bolsa hünärmenler üçin has-da täsirli boldy. Geçirilen okuwda GIS tehnologiýasynyň düşünjeleri, onuň gelip çykyşy, häzirkizaman ýagdaýlary, ýeten derejesi we oba hojalygyndaky ähmiýeti barada giňişleýin gürrüň berildi. Okuwyň dowamynda ekerançylyk meýdanlaryndan TDR 350 enjamy arkaly alnan maglumatlar esasynda QGIS programmasynda ekin meýdanlarynyň şorluk ýagdaýynyň wizuallaşdyrylan kartasyny taýýarlamak, ekerançylyk meýdanlarynyň monitoringini geçirmek we ýerleri tekizlemekde sanly tehnologiýalardan peýdalanmak boýunça amaly okuwlar gurnaldy. “Agronomçylykda innowasion tehnologiýalar” atly gurnalan okuw maslahatyna Daşoguz welaýat häkimliginiň, “Daşoguzgallaönümleri” önümçilik birleşiginiň, “Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň, Ösümlikleri goramak gullugynyň Daşoguz welaýat bölüminiň hünärmenleri gatnaşdylar. “Bugdaý seleksiýasynyň ylmy esaslary” atly tema boýunça ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän güýzlük bugdaýyň gurakçylyga, topragyň duzuna durnukly ýokary hasylly sortlaryny saýlamagyň aýratynlygyny, güýzlük bugdaýyň täze sortlaryny saýlap almak üçin ylmy-barlaglaryň geçirilişini, usulyýet boýunça ekilişini, iň gowy netije berýän täze sortlaryň saýlanylyp alynandygy bellenilip täsirli suratlar, nusgalar arkaly düşündirdi. “Miweli baglaryň keselleri” atly temada çigitli baglaryň keselleri we olara garşy geçirilýän göreş çäreleriniň aýratynlyklary barada bellenilip geçildi. “Dänelik ekinleriň zyýankeşleri we olara garşy göreş çäreleri” atly tema boýunça ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän güýzlük bugdaýyň, jöweniň, mekgejöweniň, sudan otunyň we beýleki dänelik ekinleriniň gemriji we sorujy zyýankeşlerine garşy göreşmek barada häzirki wagtda alnyp barylýan ylmy-barlag işleri barada gürrüň berildi. Geçirilen maslahat beriş okuwlary ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biri hökmünde garalýan oba hojalygyny ösdürmek hem-de bu ugur¬da yzygiderli özgertmeleri durmuşa geçirmek meselelerine ýardam etmek bilen BMG-niň Durnukly ösüşüň maksatlaryna ýetmek üçin öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmäge uly goşandy bolar. Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri