ŞÄGIRT HALYPADAN OZDURMASA KÄR ÝITER

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan eden Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda «Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter» atly döredijilik bäsleşigi Türkmen oba hojalyk institutynda ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Bäsleşige gatnaşan talyp oglanlar zergärçilik, neçjarçylyk, demir ussasy, kulalçylyk, heýkeltaraşçylyk, grafika, dizaýner maketler, bedew şaý-seplerini ýasamak, dutar we gyjak ýasamak, tüýdük, gopuz bejermek ýaly sungatyň birnäçe görnüşleri boýunça öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Hormatly Prezidentimiziň döwlet baştutany wezipesine girişmek dabarasynda ýokary ylmy mümkinçiligi bolan giň gözýetimli, maksada okgunly, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply, ýokary hünärli, taýýarlykly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek boýunça ähli tagallalar ediler diýip beýan edişi ýaly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli mirasyny hem-de maddy gymmatlyklaryny gorap saklamak, olary wagyz etmek we geljekki nesillerimize ýetirmekde Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe giň gerimli işler alnyp barylýar.

Işjeň ýagdaýda geçen döredijilik bäsleşiginde talyp oglanlaryň türkmen senetçiliginiň kämil sungat derejesine öwrülen zergärçiligiň, demirçiligiň, neçjarçylygyň, külalçylygyň, bedewiň şaý-seplerini we esbaplaryny, dutar, gyjak, tüýdük, gopuz ýaly halk saz gurallaryny ýasamagyň inçe tärlerini gürrüň bermek bilen birlikde ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirmekleri olaryň döredijilige, el işlere, sungata bolan höweslerini has-da artdyrmakda örän ähmiýetli boldy.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri gadymy däp-dessurlarymyzyň belende göterilýän, milli gymmatlyklarymyza goýulýan sarpanyň artýan döwrüne öwrüldi. Türkmeniň medeni mirasy juda baý hem-de köp öwüşginlidir. Pederlerimiziň döreden deňsiz-taýsyz milli gymmatlyklary ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren el işleri milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegidir.

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp oglanlary eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýdýarlar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.