GENETIKA BOÝUNÇA DERS BÄSLEŞIGI

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge, milli ykdysadyýetimiziň, şeýlede halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň ylmy esasda alnyp barylmagyna uly üns berýär. Ylmy-bilimi hil taýdan täze derejä çykarmak, milletiň aň-bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmek maksady bilen zehinli talyp ýaşlaryň arasynda ders bäsleşikleri geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän giň mümkinçiliklerinden peýdalanyp, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda Genetika dersinden ders bäsleşigi geçirildi.

Ders bäsleşiginiň esasy maksady talyplaryň Genetika dersi boýunça alan hünär bilimleriniň, başarnyklarynyň hilini, özleşdirilişini ýokarlandyrmakdan, olara baha bermekden, hünär ukyplaryny ýokarlandyrmaga goşant goşmakdan, döredijilik işjeňligini höweslendirmekden, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmakdan, özbaşdak pikirlenmäni ösdürmekden, şeýle-de nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini berkitmekden ybarat boldy.

Ders bäsleşigine Agronomçylyk, Agroekologiýa, Ýyladyşhana hojalygy, Agrohimiýa we topragy öwreniş, Weterinar lukmançylygy hünärlerinden jemi 40 talyp gatnaşdy. Talyplara Genetika dersiniň esasy düşünjelerine we genetiki meselelerine degişli bolan 50 sany test soraglary berildi. Gatnaşyjylar test soraglaryna institutyň bilim portaly arkaly kompýuterde jogap berdiler.

Üstünlikli çykyş edip, gowy netijeleri gazanan talyplar bäsleşigiň ýeňijisi diýip kesgitlendi. Bu talyplar:

T/b Talyplaryň ady we familiýasy Hünäri we ýyly Gazanan baly Orun
1 Permankulyýew Wahypjan Weterinar lukmançylygy hünäri, II 43 I
2 Miriýewa Gözel Ýyladyşhana hojalygy hünäri, I 38 II
3 Muhammedow Pälwan Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäri, II 38 II
4 Annalyýewa Enebaý Agroekologiýa hünäri, III 37 II
5 Amanowa Aýlar Ýyladyşhana hojalygy hünäri, II 35 III
6 Maşaripowa Gülnoza Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäri, II 35 III
7 Gurbanmuhammedowa Laçyn Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäri, II 34 III

Genetika dersinden bäsleşikleriniň geçirilmegi talyplara öz hünärini kämil derejede öwrenmäge, genetikanyň, öýjük inženeriýasynyň usullaryny oba hojalygynda we beýleki pudaklarda ulanmaga, oba hojalyk ekinleriniň täze sortlaryny döretmegiň netijeli usullaryny işläp düzmäge mümkinçilik berer.

Ylmy-bilimi hil taýdan täze derejä çykarmak, milletiň aň-bilim işgärleriniň täze neslini kemala getirmek maksady bilen geçirilýän şeýle ders bäsleşikleriniň geçirilmegi barha ösýän bagtyýarlyk döwrümizde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmäge, barha ösýän jemgyýetde başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň hünäri boýunça öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge, olaryň alan nazary bilimlerine daýanyp, hünär ussatlygyny has-da ösdürmäge itergi berer.

Genetika boýunça ders bäsleşigiň ýeňijileri Türkmen oba hojalyk institutyň I, II we III derejeli diplomlary bilen sylaglandylar.

Mährijemal Allamyradowa,
Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy

Eset Öwlýagulyýew,
Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy