AKYLDAR ŞAHYRYŇ ŞANYNA GEÇIRILEN BÄSLEŞIK

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan ähli tutumly işlerinde halkymyzyň, ýaş nesillerimiziň bähbidi, ähli watandaşlarymyzyň asuda, abadan durmuşda ýaşamagy baradaky belent maksatlary öz beýanyny tapýar. Hormatly Prezidentimiziň: “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýip, ýaşlara uly ynam bildirmegi bagtyýar ýaşlaryň öňünde möhüm borçlary goýýar hem-de olary ata Watanymyzy beýgeltmäge ruhlandyrýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän beýik ynamyndan ugur alyp, Türkmen oba hojalyk institutynda nusgawy edebiýatymyzyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli akyldar şahyrymyzyň watançylyk, mertlik, gaýduwsyzlyk we ahlaky temalarynda ýazan şygyrlaryny labyzly okamak boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşigiň şerti esasynda talyp ýaşlar Magtymguly Pyragynyň ýokarda agzalan temalary boýunça bir goşgusyny labyzly okap, onuň many-mazmunyny teswir etmek bilen döredijilik zehinlerini açyp görkezdiler. Örän çekeleşikli geçen bu bäsleşikde emin agzalarynyň gelen netijeleri boýunça Agronomçylyk fakultetiniň Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyby Albina Zakirjanowa 1-nji orna, ýene-de şol fakultetiň Ýyladyşhana hojalygy hünäriniň 4-nji ýyl talyby Joşgun Çäşembaýew 2-nji orna, şol fakultetiň Agroekologiýa hünäriniň 2-nji ýyl talyby Gurbanjemal Begjanowa 3-nji orna eýe boldular. Şeýle hem Agronomçylyk fakultetiniň Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby Ýagşygül Çaryýewa hem-de Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda) hünäriniň 3-nji ýyl talyby Gülpamyk Ýazmuhammedowa bäsleşigiň höweslendiriji baýragyna mynasyp boldular.

Bäsleşige gatnaşan talyp ýaşlar okamaga, öwrenmäge, döredijilik zehinlerini açyp görkezmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň alkyş sözlerini beýan etdiler.

Miwe NURYÝEWA

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy