Hünär biliminiň maksady talyplary durmuşda jemgyýete peýdaly, giň dünýägaraýyşly, öňdebaryjy, işjeň durmuş keşbine eýerýän, ýokary adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän arassa ahlakly, döredijilikli pikirlenip, aýdyň maksatlary öňinde goýup, olara maksatly çemeleşmegi başarýan, öz hünäriniň ussady bolan tutanýerli, maksada okgunly we öwrenilýän nazary bilimleri önümçilik işi bilen utgaşdyrmagy, gyzyklanma bildirýän taraplaryň we milli ykdysadyýetimiziň, ýurdumyzyň senagat kuwwatlyklarynyň ösen isleglerine gönükdirilen taslama- çenlik işleriniň, kadalaşdyryjy we tehniki resminamalary işläp taýýarlamagy başarýan hünärmenleri taýýarlamakdan hem-de degişli ugurlar boýunça zähmet endiklerini kemala getirmekden ybaratdyr.
HAKATONYŇ ESASY MAKSADYÝaşlaryň we ýaş alymlaryň tehniki we tehnologiki ugurlarda innowasion tehnologiýalary hem-de tehnikalary oýlap tapmaga, ozal bar bolanlarynyň kemçilikli aýratynlyklaryny tapyp, olary düzetmegiň ýollaryny gözlemäge höweslendirer. Ýaşlaryň aň-bilim ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmek we olaryň hünär endiklerini kämilleşdirmek.
Ýaşlaryň hünär taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak, döredijilik ukybyny ýaryş şertlerinde açyp görkezmek we kärine (hünärine) bolan söýgini artdyrmaga gönükdirilendir.
Sanly ulgamlaryň dürli maksatly we ugurly programma üpjünçiliklerini döretmek ukyp başarnyklaryny ýokarlandyrmak, döredilen programma üpjünçiliginde dürli görnüşli maglumatlary birikdirmek, programma üpjünçilikleriniň işjeňligini ýokarlandyrmagyň iň ygtybarly we amatly ýollaryny kesgitlemek.
Geçirilýän hakatonyň netijesi hem-de Guramaçynyň syny boýunça bäsleşigiň çäginde taýýarlanan taslamany önümçilige ornaşdyrmak maksady bilen teklip etmek.
HAKATONY GEÇIRMEGIŇ MÖHLETIHakaton 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 30-na geçirilýär.
Gatnaşyjylar şu salgyda ýerleşdirilen formany doldurmalydyrlar. Gatnaşyjylary hasaba almaklyk 2023-nji ýylyň sentýabr aýynyň 20-ne çenli dowam edýär.
Gatnaşyjylaryň sany çäklendirilip, her bir topar 3-4 talypdan ybarat bolmalydyr.
Hakaton bäsleşigine gatnaşmak üçin ýüz tutma we gatnaşyjylaryň sanawyna goşulmak indiki tertipde geçirilýär:
Emin agzalary talyplaryň zähmet endiklerine, ýerine ýetiriş usullaryna we bu ugurdaky ukyp-başarnyklaryna, olaryň her bir we kesgitli işe çemeleşişiniň tehnologiki sowatlylygyna, berlen ýumuşlaryň wagtynda, özi-de doly derejede we dogry hem-de dürs ýerine ýetirilişine, iş hereketiniň dowamlylygynda tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň we zähmeti goramagyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçilik edýärler we degişli düşündiriş işlerini geçirýärler. Hakatonyň geçirilişiniň tertibine laýyklykda, netije çykarýarlar.
Hakaton bäsleşikli ýaryş çäresiniň ýumuşlary we olary ýerine ýetirilişi gatnaşyjylaryň dürli derejeli we görnüşli programma üpjünçiliklerini işläp düzmegiň amaly endiklerini barlamaklyga gönükdirilendir. Hakatona gatnaşyjy onda berlen ýumuşy ýa-da ýumuşlary ýerine ýetirende programmirleme dilleriň islendigini ulanyp biler.
Hakatonyň temasy:Oba hojalyk önümleriniň e-bazaryny işläp düzmek.
Hakatona gatnaşyjylary şulary ýerine ýetirmelidir:
Hakaton toparlaýyn ýa-da ýekelikde geçirilýär. Topar 3-4 adamdan ybarat bolup biler. Her toparyň öz toparbaşysy bolmaly.
BAHA ÖLÇEGLERIBaha ölçegleri we goýlan bahalaryň sany kesgitli bolup, emin agzalary gatnaşyjylaryň hünär aýratynlyklaryny we olaryň ýerine ýetirilýän işe bolan garaýşyny hem-de ukyp-başarnyklaryny aşakdaky tablisada görkezilen ölçegler boýunça kesgitleýärler. Bu görkeziji iň ýokary utuk bolup, ballar ýumuşuň ýerine ýetiriliş derejesine laýyklykda, “F1 weighted” bahalandyrma synplaşdyrmasy boýunça metrik takyklykdaky bahalaryň jemi boýunça bahalandyrylýar. Bu bahalandyrma ulgamyna laýyklykda iň gowy çözgüt iň ýokary metrik görkezijilere eýe bolýar.
Netijeleri bahalandyrmagyň usulyýeti:
Işiň bu görnüşi boýunça işlenip düzülen programma üpjünçiliginiň kompýuteriň maglumat saklaýjy we işjeň ýadynda tutýan ýeri hem-de ol işe goýberilende kompýuterde ulanýan resurslarynyň möçberine baha berilýär.
ESASY TALAPLAR:Hakatona gatnaşýanlar tarapyndan ýanlary bilen getirilen kompýuter tehnologiýalarynda we enjamlarda ýerleşdirilen, bar bolan içerki ýatda maglumat saklaýjylaryň düzümi, bukjalardyr faýllaryň gurluşlary degişli bilermenler we ýörite düzülen emin agzalary tarapyndan barlanyp bilner. Şeýle gurluşlar tapylan, olarda bäsleşigiň şertlerine we talaplaryna laýyk gelmeýän görkezijiler ýüze çykarylan ýagdaýynda, olar wagtlaýynça, hakaton tamamlanýança alynmaga degişlidir.
Hakaton bäsleşikli ýaryşyň dowamlylygynda gatnaşyjylara şulary ulanmaga rugsat berilýär.
Hakaton bäsleşikli ýaryşyň dowamlylygynda gatnaşyjylara şulara rugsat berilýär:
Hakatonyň dowamynda gatnaşyjylara hakaton meýdançasyndan çykmak gadagan edilýär.
ÝUMŞY ÝERINE ÝETIRMEK ÜÇIN BERILÝÄN WAGTHakatonyň ýumşuny ýerine ýetirmek üçin onuň çylşyrymylylygyna laýyklykda 3-8 sagat (bir ýa-da birnäçe gün hem bolup biler) berilýär. Ýumuş wagtyndan öň ýerine ýetirilen ýagdaýynda ol eminlere görkezilip bilner, emma onuň çalt, ýagny kesgitlenen wagtdan öň ýerine ýetirilmegi üçin hiç-hili artykmaçlyk göz öňünde tutulmaýar. Wagtynda tamamlanmadyk ýumuşlar, bellenilen wagt geçenden soň, gatnaşyjynyň islegine görä eminlere şol görnüşde tabşyrylýar.
HAKATONYŇ ÝEŇIJILERINI KESGITLEMEKHakatonyň ýeňijileri eminleriň goýan ballaryny jemlemek we olaryň umumy köplügi boýunça kesgitlenilýär. Hakatonyň netijeleri boýunça toparlaýyn görnüşde 1 (bir) ýeňiji kesgitlenilýär.
Ýekeleýin görnüşde 1 sany I orun, 2 sany II orun, 3 sany III orun berilýär. Hakatonyň ýeňijileri Hormat hatlar we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanýar. Hakatona gatnaşyjynyň berlen bahadan närazy bolan ýagdaýynda garaşsyz ekspertleriň gatnaşmagynda arza-şikaýat topar döredilýär. Topar agzalary seljerip, degişli çözgüt çykarýar, eger berlen baha hakykatdan-da nädogry bolsa, eminler toparynyň goýan bahasyny üýtgetmegi teklip edýärler. Bu teklip we gelnen netije ses bermek arkaly we sesleriň umumy köplügi nazara alnyp amala aşyrylýar. Eger-de netijäniň üýtgedilmegi ýerlikli we dogry hasaplanylan bolsa, bu barada beýanda görkezilýär. Beýana arza-şikaýat toparynyň we eminler toparynyň ähli agzalary gol çekýärler. Toparyň çözgüdi gutarnykly hasaplanylýar we täzeden seredilmäge degişli däldir.