Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda” hem-de 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Genetika boýunça I internet ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.
I. Umumy düzgünler
Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Genetika boýunça I internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - Bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.
Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen dünýäde hem-de ýurdumyzda genetikanyň dürli ugurlary bolan molekulýar genetika, adamyň genetikasy, haýwanlaryň, ösümlikleriň genetikasy, seleksiýa, tohumçylyk babatynda ylmy-barlag, tejribe işlerini ýerine ýetirmek, genetikanyň dürli usullaryny ulanmak bilen önüm almak, oba hojalygynda täze sortlary döretmek, mallaryň täze tohumlaryny almak, mikroorganizmleriň ýokary önümli täze ştammlaryny almak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Genetika boýunça internet ders bäsleşiginiň geçirilmeginiň maksady Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri boýunça bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyryp, okatmagyň hilini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Bäsleşigiň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleriň ýetişmegine, başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleriň kemala gelmegine, zehinli ýaşlaryň Genetika boýunça öňdebaryjy tejribeleriniň özleşdirilmegine, talyplaryň alan nazary bilimlerine daýanyp, hünär ussatlygynyň has-da ösdürilmegine itergi berer.
Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasy çykyş edýär.
Bäsleşigiň geçirilýän möhleti we geçiriliş şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.
II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri
Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.
Bäsleşigiň maksady:
a) ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek;
b) ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;
ç) hünärmenleri taýýarlamakda Genetika dersiniň ähmiýetine düşünmek;
d) talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek;
e) talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek;
ä) häzirki döwürde ýüze çykýan seljerme we taslama işlerini ýerine ýetirmekde ukybyny barlamak;
f) halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak;
g) genetikanyň dürli ugurlary boýunça ylmy täzelikleri hem-de täze, döwrebap tehnologiýalary özleşdirmek;
h) hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak.
III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi
3.1. Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär.
Guramaçylyk topary:
a) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu Bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;
b) Bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar;
ç) Bäsleşigiň test soragnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.
IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi
4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň islendik taýýarlyk ugrunda, hünärinde we ýylynda okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.
4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2023-nji ýylyň 17-nji fewralyna çenli institutyň tohi@online.tm elektron salgysyna ugratmaly.
4.3. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 23-nji fewralynda sagat 10:00-da ähli ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda geçiriler.
4.4. Bäsleşigiň geçişine “Google Meet” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.
4.5. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýular.
4.6. Bäsleşige gatnaşyjylara öz ýany bilen aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.
4.7. Bäsleşige gatnaşýan talyplar 75 sany soragdan ybarat bolan test soragnamalary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.
4.8. Bäsleşigiň çäklerinde talyplara hödürlenjek soraglar, ýumuşlar we genetiki meseleler bäsleşige gatnaşmaýan, garaşsyz hünärmenler tarapyndan elektron poçtasyna ibermek arkaly hödürlenilip bilner. Hödürlenilýän soraglaryň, ýumuşlaryň we genetiki meseleleriň anyk jogaby (çözüwi) bilen guramaçylyk toparyna ugradylmaly.
4.9. Bäsleşigiň ýumuşlaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 120 minut.
4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.
4.11. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.
4.12. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.
4.13. Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.
V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegi we sylaglamagyň tertibi
5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy görnüşde hasaba alynýar.
5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 10%-i I derejeli, 20%-i II derejeli we 30%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.
5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.
5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.
Habarlaşmak üçin
tel.: +99365863386; +99365941740
e-mail: baba.kur@gmail.com
Internet olimpiadanyň guramaçylyk işleri boýunça soraglaryňyzy guramaçy toparyň agzalary Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Mährijemal Allamyradowa berip bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +99363889360.
Tehniki soraglar üçin Serdar Muminowa ýüz tutup bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +99365273775.
T/b | Talyplaryň ady we familiýasy | Ýolbaşçy mugallymyň ady we familiýasy |
---|---|---|
Türkmen oba hojalyk instituty | ||
1 | Annalyýewa Enebaý | Mährijemal Allamuradowa |
2 | Durdylyýewa Laçyn | |
3 | Maşaripowa Gülnaza | |
4 | Mamudowa Leýla | |
5 | Miriýewa Gözel | |
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersiteti | ||
6 | Tekäýew Şatlyk | Taganowa Güljemal |
7 | Nazarow Babajan | |
8 | Annageldiýew Saparmuhammet | |
9 | Meredow Azat | |
10 | Sapargylyjow Bereket | |
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty | ||
11 | Rizakuliýew Arzuwk | Artykow Eziz |
12 | Sapargylyjowa Sülgünjemal | |
13 | Meňliýewa Solmaz | |
14 | Merdanowa Mähriban | |
15 | Metkulyýew Ýunus | |
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersiteti | ||
16 | Akgylyjowa Lagly | Aşyrowa Enegül |
17 | Mämiýewa Arazsoltan | |
18 | Rejepowa Nigara | |
19 | Durdyýewa Leýli | |
20 | Amanow Gurbanmyrat | |
Oguzhan adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti | ||
21 | Çaryýewa Humaý | Porrykow Döwletmyrat |
22 | Aşyrow Serdar | |
23 | Orazowa Nurana | |
24 | Döwranowa Eneş | |
25 | Ergeşow Myrat | |
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty | ||
26 | Gulladyýew Ýusup | Tahyrowa Ogulmaral |
27 | Ýazmuhammedowa Bägül | |
28 | Nurnepesowa Bägül | |
29 | Guljarowa Çynar | |
30 | Amangeldiýewa Güljennet |