Geodeziýa boýunça II açyk internet ders bäsleşigi

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda Geodeziýa boýunça II internet ders bäsleşigini guramak we geçirmek hakynda
DÜZGÜNNAMA

Türkmenistanyň Prezidentiniň 2017-nji ýylyň 15-nji sentýabryndaky 340-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda” hem-de 2020-nji ýylyň 4-nji dekabryndaky 2006-njy Karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasynda” öňde goýlan wezipelerden ugur alyp, zehinli talyplary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary ylmy gözleglere ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, döwlet hem-de halkara bäsleşiklerine taýýarlamak, bu ugurda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Geodeziýa boýunça II internet ders bäsleşigini geçirmek boýunça şu Düzgünnama işlenip taýýarlanyldy.

I. Umumy düzgünler

Şu Düzgünnama ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Geodeziýa boýunça II internet ders bäsleşigini (mundan beýläk - Bäsleşik) guramagyň we geçirmegiň kadalaşdyryjy resminamasy bolup, ony geçirmegiň tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanyň bilim ulgamynyň dünýäniň ylym-bilim giňişligine sazlaşykly aralaşýan döwründe esasy mesele hökmünde Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakdan ybaratdyr.

Häzirki wagtda ylmyň we tehnikanyň ösmegi bilen dünýäde hem-de ýurdumyzda geodeziýa we kartografiýa babatynda ylmy-barlag we tejribe işlerini ýerine ýetirmek, aerokosmos arkaly surata düşürilen materiallary işlemek we şol görkezilen materiallar esasynda önüm taýýarlamak, umumy geografíýa, syýasy-dolandyryş, ylmy-maglumatly we beýleki tematiki kartalary işläp taýýarlamak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Geodeziýa boýunça internet ders bäsleşigini geçirmek Türkmenistanda tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri boýunça bilim-terbiýe bermekdäki milli standartlary dünýäniň öňdebaryjy tejribesi bilen utgaşdyryp, okatmagyň hilini ýokarlandyrmakdan ybarat.

Bäsleşigiň geçirilmegi häzirki döwürde ýüze çykýan ylmy we amaly meseleleri derňemäge ukyply ýaş hünärmenleri ýetişdirmek, başarjaň, bilimli, döredijilikli, zehinli şahsyýetleri kemala getirmäge, zehinli ýaşlaryň Geodeziýa boýunça öňdebaryjy tejribelerini özleşdirmäge, olaryň alan nazary bilimlerine daýanyp, hünär ussatlygyny has-da ösdürmäge itergi berer.

Bäsleşigiň guraýjysy hökmünde Türkmen oba hojalyk institutynyň Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasy çykyş edýär.

Bäsleşigiň geçirilýän möhleti we geçiriliş şertleri institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýulýar.

II. Bäsleşigiň maksady we wezipeleri

Bäsleşik talyplaryň taýýarlygynyň hilini kesgitlemek, olaryň bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek we çuňlaşdyrmak hem-de döredijilik ösüşini höweslendirmek maksady bilen geçirilýär.

Bäsleşigiň maksady:

a) ýokary okuw mekdepleriň talyplarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmek we özara bähbitli ylmy maglumatlary alyş-çalyş etmek;

b) ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň bilelikde ylmy pikir alyşmalaryny guramak;

ç) hünärmenleri taýýarlamakda Geodeziýa dersiniň ähmiýetine düşünmek;

d) talyplaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmek, özbaşdak işlemek endiklerini ýokarlandyrmak we giňişleýin pikirlenmäni ösdürmek;

e) talyplary taýýarlamagyň hilini kesgitlemek, nazary we amaly okuwlarda alnan bilimlerini we başarnyklaryny berkitmek;

ä) häzirki döwürde ýüze çykýan seljerme we taslama işlerini ýerine ýetirmekde ukybyny barlamak;

f) halkara bäsleşiklerde ýokary okuw mekdebiniň adyndan üstünlikli wekilçilik edip bilýän zehinli talyplary kesgitlemek we goldamak;

h) geodeziýa boýunça ylmy täzelikleri hem-de döwrebap tehnologiýalary özleşdirmek;

i) hünär taýdan taýýarlygyny ýokarlandyrmak.

III. Bäsleşigiň guramaçylyk-usulyýet üpjünçiligi

3.1. Bäsleşigi guramak we geçirmek boýunça umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak üçin Guramaçylyk topary döredilýär.

Guramaçylyk topary:

a) ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda bu Bäsleşigi geçirmegiň esasy ýörelgelerini kesgitleýär hem-de ony guramak we geçirmek boýunça guramaçylyk işleri alyp barýar;

b) Bäsleşigi geçirmegiň tertibini we möhletini kesgitlemek boýunça teklipleri taýýarlaýar;

ç) Bäsleşigiň test soragnamalaryny işläp taýýarlamak boýunça işleri alyp barýar.

IV. Bäsleşigi guramagyň we geçirmegiň tertibi

4.1. Bäsleşige Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň islendik taýýarlyk ugrunda, hünärinde we ýylynda okaýan talyplar gatnaşyp bilerler.

4.2. Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýän ýokary okuw mekdebi düzümi 5 (bäş) sany talypdan köp bolmadyk toparyň we olaryň ýolbaşçy mugallymynyň maglumatlaryny (fakulteti, hünäri, ýyly, familiýasy we ady, ýolbaşçy mugallymynyň familiýasy we ady, işleýän kafedrasy, elektron poçtasynyň salgysy, telefon belgileri) 2023-nji ýylyň 17-nji fewralyna çenli institutyň tohi@online.tm elektron salgysyna ugratmaly.

4.3. Bäsleşik 2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda sagat 10:00-da ähli ýokary okuw mekdeplerinde bir wagtda geçiriler.

4.4. Bäsleşigiň geçişine “Google Meet” programmasy arkaly gözegçilik alnyp barlar.

4.5. Bäsleşigiň ýumuşlary institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine goýular.

4.6. Bäsleşige gatnaşyjylara öz ýany bilen aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, aragatnaşyk geçiriji islendik serişdeleri ulanmaga rugsat berilmeýär.

4.7. Bäsleşige gatnaşýan talyplar 75 sany soragdan ybarat bolan test soragnamalary özbaşdak işlemeli. Bäsleşigiň geçirilýän wagty, goşmaça kömek edilen, töweregindäki ýoldaşlary bilen özara gürrüň eden ýa-da kitap-gazet makalalaryny ulanan gatnaşyjy bäsleşige gatnaşýanlaryň hataryndan çykarylar.

4.9. Bäsleşigiň test soragnamalaryny ýerine ýetirmek üçin berilýän wagt – 90 minut.

4.10. Bäsleşigiň eminler topary Türkmen oba hojalyk institutynyň wekillerinden düzülýär.

4.11. Eminler topary bäsleşige gatnaşýan talyplaryň işlerini bahalandyrýar we netijelerini jemleýär.

4.12. Islendik gatnaşyjynyň arz-şikaýat bilen ýüz tutmaga hukugy bardyr. Arz-şikaýat bilen diňe toparyň ýolbaşçysy eminler toparyna elektron poçta arkaly ýüz tutup biler.

4.13. Arz-şikaýatlar eminler topary tarapyndan seredilýär we ahyrky netijäni eminler toparynyň başlygy kesgitleýär hem-de bu gutarnykly netije üýtgedilmäge degişli däl hasap edilýär.

V. Bäsleşigiň ýeňijilerini kesgitlemegi we sylaglamagyň tertibi

5.1. Bäsleşigiň ýeňijileri toplanan ballaryň jemi boýunça kesgitlenilýär we şahsy görnüşde hasaba alynýar.

5.2. Bäsleşigiň ýeňijileriniň sany, oňa gatnaşyjylaryň sanyna baglylykda kesgitlenilýär, ýagny talyplaryň 10%-i I derejeli, 20%-i II derejeli we 30%-i III derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

5.3. Bäsleşigiň netijeleri beýanlar arkaly resmileşdirilýär we eminler toparynyň netijenamasy esasynda ýeňijileriň düzümi tassyklanylýar.

5.4. Bäsleşigiň ýeňijileri barada maglumatlar institutyň www.tohi.edu.tm web sahypasynyň ýörite bölümine ýerleşdirilýär.

Habarlaşmak üçin
tel.: +99365863386; +99365941740
e-mail: olympgeodeziya@gmail.com

“Geodeziýa” boýunça II internet ders bäsleşigine gatnaşyjy ýokary okuw mekdepleriň guramaçylaryna usuly
GÖZÜKDIRIJI

  1. Ders bäsleşigine gatnaşýan ýokary okuw mekdepleriniň guramaçylary tarapyndan taýýarlanan ýörite otagda, gözegçiligi ýola goýmak üçin 2 (iki) sany web kamera bilen üpjün edilmeli.
  2. Web kameralaryň gatnaşyjylara bakdyrylyp, biri-birine garşy ýagdaýda, ýagny bir web kamera gatnaşyjylary öňden, beýleki biriniň bolsa yzdan alynmagyny ýola goýmaly.
  3. Bäsleşigiň soraglaryny gatnaşyjy talyplara çap edip, paýlap bermek we gatnaşyjy talyplar soraglara jogap berip bolandan soňra, olaryň jogap kagyzlaryny skaner edip, guramaçy Türkmen oba hojalyk institutyna ugratmaklyk üçin otagyň içinde, web kameralaryň gözegçiligi astynda ýerleşdirilen, printer we internet ulgamyna birikdirilen kompýuter bilen üpjün edilen bolmaly.
  4. Ýokarky şerti ýerine ýetirmek üçin ýörite bellenen tehniki jogapkär, bäsleşigiň tutuş dowamynda web kameralaryň gözegçiliginiň çäginde bolmaly.
  5. Aragatnaşygy talabalaýyk ýola goýmak maksady bilen, 2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda sagat 15:00-da deslapky aragatnaşyk barlagy geçiriler. Baglanyşmak üçin salgylanmalar ýokary okuw mekdebiniň ders bäsleşigine gatnaşýan toparynyň ýolbaşçy mugallymynyň elektron poçtasyna ugradylar.
  6. Wideo gözegçiligi ýola goýmaklyk “Google Meet” serişdesiniň kömegi arkaly amala aşyrylar we wideo gözegçilige baglanmak üçin şu salgylanmadan https://meet.google.com/afm-buke-cdu peýdalanylar.
  7. Bäsleşigiň geçirilýän güni sagat 9:30-da gatnaşyjylar hasaba alnyp başlanar.
  8. Bäsleşigiň ýumuşlary 2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda sagat 10:00-da ders bäsleşigine gatnaşýan toparyň ýolbaşçy mugallymynyň elektron poçtasyna ugradylar.
  9. Bäsleşige gatnaşyjylara öz ýany bilen aragatnaşyk serişdelerini, foto, audio we wideo enjamlaryny, gözükdiriji serişdeleri hem-de maglumat göterijileri, islendik aragatnaşyk serişdelerini ulanmaga rugsat berilmeýär (diňe kalkulýator ulanylyp bilner).
  10. Ders bäsleşigine gatnaşyjylara sowalnamany çözmek üçin 90 minut wagt berilýär.
  11. Bellenen wagt gutarandan soňra, 10 minudyň dowamynda talyplaryň ýerine ýetiren işlerini skaner edip, olympgeodeziya@gmail.com elektron poçtasyna ugratmaly we wideo aragatnaşygyň üsti bilen habar bermeli.
  12. Bäsleşigiň dowamynda düzgün bozulmalar ýüze çykan ýagdaýynda, düzgün bozan gatnaşyjynyň we ýerine ýetirilen ýumuşlary bellenen wagtdan soň ugradylan gatnaşyjylaryň netijeleri hasaba alynmaz.
  13. Ýokary okuw mekdepleri bäsleşik geçýän döwründe gözegçi hökmünde degişli dersler boýunça mugallymlary bäsleşigiň geçýän ýerine goýbermeli däldir.

Internet olimpiadanyň guramaçylyk işleri boýunça soraglaryňyzy guramaçy toparyň agzalary Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy Şatlyk Pygamowa berip bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +99365863386.

Tehniki soraglar üçin Serdar Muminowa ýüz tutup bilersiňiz. Habarlaşmak üçin: +99365273775.

Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda Geodeziýa boýunça I internet ders bäsleşigine gatnaşýan talyplaryň
SANAWY

T/b Talyplaryň ady we familiýasy Ýolbaşçy mugallymyň ady we familiýasy
Türkmen oba hojalyk instituty
1 Narbaýewa Amangül Ýagşymämmedow Ýagşymämmet
2 Begmedow Gutlymyrat
3 Taganow Ahmet
4 Arazgeldiýewa Sona
5 Batyrowa Aýna
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet uniwersiteti
6 Guwanjow Sapargeldi Myrat Allakow
7 Ymamkulyýewa Aýsenem
8 Abdyllaýew Atajan
9 Durdymämmedowa Aýsoltan
10 Ataýewa Ogulaý
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti
11 Annaýew Ýazmyrat Annataganow Eziz
Babaýew Orazdurdy
12 Arazow Mekan
13 Rahmanow Oguzhan
14 Saryýewa Dürjemal
15 Kalynow Allanazar
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
16 Aýnaýew Sopy Ýusupow Şirmyrat
17 Mawyýew Nowruz
18 Rahmanow Hydyr
19 Meňliýew Berdi
20 Baýniýazow Şamuhammet
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty
21 Hemraýew Nuryslam Işanow Maksat
22 Matýakubow Musa
23 Silapow Seýitnazar
24 Aşurow Nurýagdy
25 Ýegenmämmedow Atageldi
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty
26 Meredow Baýram Berdiýew Serdar
27 Durdyklyçewa Bahar
28 Akynyýazow Amannyýaz
29 Arazgeldiýew Ahal
30 Aşyrow Allaberdi