BÄSLEŞIK GEÇIRILDI

Döwletimiziň syýasy, ykdysady we medeni esaslaryny berkitmek, ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ylym-bilim kuwwatyny herekete girizmek durmuşa ornaşdyrylýan bilim özgertmeleriniň strategik maksadydyr. Ýurdumyzda bilimiň, maglumat tehnologiýasynyň öňdebaryjy usullaryny özleşdirmekde, jemgyýetiň bilim derejesini we döredijilik işjeňligini ýokarlandyrmakda baý tejribe toplanylmagy bilim özgertmeleriniň durmuşa geçirilmegine amatly şertleri döretdi. Bilim ulgamynda alnyp barylýan özgertmeler döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrunyň, umumymilli bähbitleriň we her bir raýatyň bähbitleriniň sazlaşýan ulgamynyň, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan çalt depginler bilen ösmeginiň, türkmen jemgyýetiniň medeni we ruhy taýdan kämilleşmeginiň esasy şerti bolup öňe çykdy. Özgertmeler bilim ulgamynyň kämil derejedäki görnüşiniň döredilmegine gönükdirilip, nusgalyk jemgyýetiň emele getirilmegi göz öňünde tutulýar.

Öňde goýlan bilim özgertmelerini mynasyp durmuşa geçirmek maksady bilen 2022-nji ýylyň 22-nji noýabrynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Agronomçylyk fakultetinde okaýan 3-4-nji ýyl Agronomçylyk, Agroekologiýa, Agrohimiýa we topragy öwreniş, Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy we Ýyladyşhana hojalygy hünärleriniň talyplarynyň arasynda «Ösümlikçilik» dersinden ders bäsleşigi geçirildi. Ders bäşleşik iki tapgyrdan ybarat boldy. Birinji tapgyrda talyplar özlerini derse degişli test soraglaryna jogap berip, synagdan geçiren bolsalar, ikinji tapgyrda oba hojalygyna degişli meseleleri çözmekde öz başarnyklaryny görkezdiler. Bäsleşige gatnaşan talyplaryň içinden iň ökdeleri saýlanyp alyndy. Talyplar diňe bir ýaryşa gatnaşyp ýeňiji bolman, eýsem özüniň gazanan ballary esasynda öz okaýan hünärlerinde-de ýeňiji bolmagy başardylar. Iň ýokary bal toplan talylaryň üçüsi bäleşikde birinji, ikinji, üçünji ýerleri eýelediler. Ýagny, birinji ýere Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby Muhammedow Pälwan, ikinji ýere Agronomçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Gulow Kadyr, üçünji ýere Agrohimiýa we topragy öwreniş hünäriniň 3-nji ýyl talyby Haýytow Mergen mynasyp boldular. Hünärleriň arasynda ýeňijiler kesgitlenende her hünärden ýaryşa gatnaşan talyplaryň toplan ortaça ballary esasynda kesgitlenildi. Hünärleriň arasynda birinji orna Agronomçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyplary, ikinji orna Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 4-nji ýyl talyplary, üçünji orna Agroekologiýa hünäriniň 4-nji ýyl talyplary mynasyp boldular.

Okuwlardan boş wagtlary geçirilýän şeýle bäsleşikler talyplarda diňe bir dersiň nazary esasyny oňat bilmeklerine itergi bermen, eýsem öz hünärlerine bolan söýgüsiniň artmagyna, hünär endikleriniň kemala gelmegine, alan nazary bilimlerini amalyýetde peýdalanmaklarna hem ýardam edýär.

Bahtiýar SALIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.