“Magtymguly Pyragy - umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy” atly baýramçylyk dabarasy

Türkmen oba hojalyk institutynda 2024-nji ýylyň Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyly diýlip yglan edilmegi şeýle-de Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy - umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde bu ýokary okuw mekdebiniň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda Akyldar şahyrymyzyň pähim-paýhasa ýugrulan edebi mirasy, baý çeperçilige ýugrulan döredijiligi Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişleriniň waspy belentden ýaňlandy.

Şeýle-de institutyň binalar toplumyna özboluşly gelişik berip oturan Medeniýet merkezinde geçirilen baýramçylyk çäresinde ýerine ýetirilen edeb-sazly çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan tutumly işleriniň, güneşli Diýarymyzyň ösüş-özgertmeleriniň waspy belentden ýetirilip baýramçylyk dabarasyna gatnaşýanlaryň baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.

“Magtymguly Pyragy - umumadamzat paýhasynyň parlak ýyldyzy” ady bilen geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde ýerine ýetirilen şowhunly hem-de joşgunly tanslarynda milli hem medeni gymmatlyklarymyz, taryhy üstünliklerimiz öz beýanyny tapmak bilen akyldar şahyrymyzyň çeper döredijiligine aýratyn orun berilmegi aýdym-sazly baýramçylyk dabarasynyň toý ruhyny has-da joşdurdy.

Şatlyk-şowhuna, egsilmez ruhubelentlige beslenen baýramçylyk çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzy sowulmaz ýaza ýetiren, bagtyýar durmuşda ýaşadan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.