Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlarynyň esasynda, bu günki gün Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň başda durmagynda her bir günümiz ösüşiň täze belentliklerine tarap öňe barýar.
Hormatly Prezidentimiziň öňde goýan wezipelerinden ugur alyp, zehinli okuwçylary ýüze çykarmak we höweslendirmek, olary öz saýlap alan hünärlerine laýyklykda orta mekdepleri tamamlandan soňra ýokary okuw mekdeplerinde okuwlaryny dowam etmeklige ugrukdyrmak, okuw dersleri boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak, bu ugurda umumy bilim berýän mekdepler bilen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda netijeli aragatnaşygy ýola goýmak maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň orta okuw mekdeplerindäki ýokary synp okuwçylarynyň gatnaşmagynda esasynda Türkmen oba hojalyk institutynda 2024-nji ýylyň maý aýynyň 11-de Açyk gapylar güni uly gerim bilen geçirildi.
Açyk gapylar güni mynasybetli geçirilen dabaraly çäräniň dowamynda zehinli okuwçylaryň arasynda matematika, fizika, himiýa we biologiýa dersleri boýunça ders bäsleşikleri ýokary derejede, adalatly geçirildi. Şeýle hem ýokary synp okuwçylaryň geljekde öz saýlap aljak hünärlerine bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen, bu ýokary okuw mekdebimiziň kitaphanasyna, oba hojalyk ulgamynda ulanylýan tehnikalar we enjamlar bilen enjamlaşdyrylan ýörite tejribe otaglary bilen tanyşdyryldy. Tanyşdyrylyşyň dowamynda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilýän esasy oba hojalyk ekinleriniň ähmiýeti we olardan alynýan önümleriň görnüşleri dogrusynda institutymyzyň mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň guramaklarynda gyzykly bäsleşikli oýunlar hem geçirildi.
Bize ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, ýiti zehinli, ukyply we başarjaň ýaşlary ýüze çykarmakda ähli müňkinçilikleri döredip berýän Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlarymyzyň çägi ýokdur.
Aýna ATAJUMAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ösümlikçilik kaferasynyň
mugallym-öwrenijisi