Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Mertligiň hem gaýduwsyzlygyň nusgasy alabaýlar” atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi

Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde açylyp ulanylmaga berilen Türkmen oba hojalyk institutynda Halkyň Arkadagly zamanasy ýylynda dabaraly bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Mertligiň hem gaýduwsyzlygyň nusgasy alabaýlar” atly aýdym-sazly dabaraly baýramçylyk dabarasy geçirildi.

Ýaňlanan aýdymlarda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bu günki dünýä ýüzündäki abraýy, mertligiň we gaýduwsyzlygyň nusgasy bolan türkmen alabaýlarynyň waspy, hormatly Prezidentimiziň eziz Türkmenistany gülledip ösdürmekde alyp barýan tutumly işleriniň giň gerimli beýany aýdyň şöhlelenip köňüllere nur bagyşlady. Şatlyk-şowhuna beslenip baýramçylyk ruhunda geçirilen bu baýramçylyk dabarasyna we baýramçylyk çäresine gatnaşan ýokary okuw mekdebiniň mugallymlardyr talyp ýaşlary şeýle-de dabara gatnaşýan myhmanlar ruhy lezzet aldylar. Institutyň dutarçylar toparynyň ýerine ýetirmeginde türkmen alabaýlarynyň waspyny ýetirýän aýdymlardyr sazlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň mynasyp waspçysy bolup köňüllere nur çaýdy. .

Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar başymyzyň täjine deňelýän mukaddes Tugumyz asuda, erkin, abadan durmuşymyzyň kepili bolup, hemişe belentde pasyrdamagyny, Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.