“SANLY AGROINNOWASIÝALAR: DURNUKLY OBA HOJALYGYNYŇ GELJEGI” atly taslama bäsleşigi geçirildi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlary bilen ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.

“Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, dünýä ylmynyň täze gazananlary esasynda taýýarlanýan, täzeçe pikirlenmeleri öz içine alýan, ýurdumyzyň halk hojalygyna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmakda giň mümkinçiligi bolan programma üpjünçilikleri işläp düzýän we innowasion oýlap tapmalar bilen meşgullanýan ýaşlary yüze çykarmak hem-de höweslendirmek, ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça täze Startaplara badalga bermek maksady bilen, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlarynyň arasynda “Sanly agroinnowasiýalar: durnukly oba hojalygynyň geljegi” atly ylmy taslamalaryň bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşige institutymyzyň ylym, bilim bilen meşgullanýan, zehinli talyplary we özleriniň oba hojalygynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça taýýarlan taslama işleri bilen üstünlikli çykyş etdiler.

Bäsleşigiň netijesi boýunça Agronomçylyk hünäriniň 4-nji ýyl talyby Ojarow Nobatgeldi I baýrakly orna, Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Öwliýakulyýew Ikram we Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby Iskenderow Şöhrat II baýrakly orna, Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň dil öwreniş bölüminiň talyby Çäjekow Maksat, Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 4-nji ýyl talyby Arazgeldiýewa Sona, Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 2-nji ýyl talyby Allaberdiýewa Aýşat III baýrakly orna mynasyp boldular. Şeýle-de Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby Hudaýnazarow Nazar, Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Saburow Husinbaý, Weterinar lukmançylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby Sabyrow Meýlis bäsleşige işjeň gatnaşandyklary üçin hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Şeýle bäsleşikleriň gurnalmagy we geçirilmegi institutyň talyplaryny ylmy-barlag we taslama işlerine işjeň çekmäge, alan bilimlerini we başarnyklaryny döredijilikli durmuşa geçirmäge, ylmy we taslama işiniň usulyýetiniň esaslaryny özleşdirmäge we tejribe toplamaga kömek edýär.

Şol ylmy taslama bäsleşigine gatnaşyjylar okamaga, öwrenmäge we ylym, bilim bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan umumadamzat ähmiýetli, ýurt bähbitli işleriniň mundan beýläk-de rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Şadurdy ATAKOW,

Ylmy bölüminiň hünärmeni