“Gen inženerçiligi we genetiki modifisirlenen organizmler” atly okuw maslahaty

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy ösüşlere beslenýär. Bilim ulgamynyň işini döwrebap derejede kämilleşdirmek, dünýä tejribesinden ugur almak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen uly ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär.

2024-nji ýylyň 14-15-nji maýynda Yslam Hyzmatdaşlyk guramasynyň Yslam ýurtlary boýunça statistika, ykdysady we durmuş barlag okuw merkeziniň guramagynda Gen inženerçiligi we genetiki modifisirlenen organizmler boýunça okuw maslahaty geçirildi. Maslahata Yslam Hyzmatdaşlyk guramasyna agza-ýurtlaryň wekilleri gatnaşdylar. Bu maslahata Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň gatnaşmaklary aýratyn bellärliklidir.

Okuw maslahatynyň işi gen inženerçiliginiň baş ýörelgeleri bolan oba hojalyk ekinleriniň genlerini klonirlemeklige we olary üýtgetmeklige, şeýle hem oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny hem-de zyýankeşlere we kesellere durnuklylygyny ýokarlandyrmakda transgen ösümlikleriň ähmiýetini we wajyplygyny açyp görkezmeklige gönükdirildi. Mundan daşary, okuw maslahatynyň çäginde GMÖ üçin kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň binýady we halkara standartlary, şeýle hem oba hojalygynda genleri üýtgetmekligiň ulanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy.

Biz – mugallymlar bu günki gün iň döwrebap mümkinçilikleriň gurşawynda işleýäris. Şeýle ajaýyp iş şertlerini, dünýä tejribesini öwrenmek üçin giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys. Gahryman Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, başlary aman bolsun, işleri hemişe rowaç alsyn!

Serdar MUMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy