Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçirlen ylmy-amaly maslahat giň gerime eýe boldy

Türkmen oba hojalyk institutynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli “Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Döwlet Baýdagy ýurdumyzyň berkararlygynyň binýadydyr” atly professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň, aspirantlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Onda çykyş edenler döwlet Baýdagymyzyň - milletimiziň ýüzüniň tuwagy, mertebesi, ar-namysy, ýagşy umytlary, buýsançly ruhunyň mukaddes ýaňy, gowgaly we şöhratly geçmişi, röwşen we ýagty geljegidigini, Berkarar döwletimiziň synmaz sütünidigini, abadan durmuşymyzyň mizemez ykrarnamasydygyny uly buýsanç bilen giňişleýin gürrüň berdiler.

Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Konstitusiýa döwlet gurluşynyň esaslaryny, onuň jemgyýet we şahsyýet bilen özara gatnaşygyny düzgünleşdirýär. Garaşsyz Türkmenistanda 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda Konstitusiýa kabul edildi. Geçen ýyllarda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna döwrüň talabyna laýyk gelýän birnäçe üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi. Milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Ýurdumyzda kanunylygy hem-de hukuk tertibini pugtalandyrmak babatda raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak bilen bagly hem-de durmuş ugruna gönükdirilen kanunlara üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek boýunça işler dowam edýär.

Ylmy-amaly maslahat öz işini umumy mejlisden soňra bäş sany “Türkmenistanyň konstitusiýasy berkarar döwletimiziň kämil kanunçylyk binýadydyr”, “Türkmenistanyň konstitusiýasy adam hukuklarynyň ygtybarly kepilidir”, “Döwlet baýdagymyz ýurdumyzyň bitewiliginiň we halkymyzyň agzybirliginiň nyşanydyr”, “Döwlet baýdagymyz mukaddesdir”, şeýle hem “Döwlet nyşanlarynyň ýaşlarda watansöýüjilik duýgularyny ösdürmekde ähmiýeti” atly bölümçelerde dowam etdi. Bölümçelerde geçen maslahata institutyň professor-mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

Bölümçelerde çykyş edenler Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleriniň ägirt uly ähmiýete eýedigini, Watanymyzyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda belent sepgitlere ýetýändigini ýene bir gezek görkezdi.

Aziza MAKSADOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ösümlikçilik kaferasynyň mugallym-öwrenijisi