Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda dabaraly bellenilýän Beýik Ýeňşiň 79 ýyllyk baýramy mynasybetli “Pederleriň göreldesi - nesilleriň ýörelgesi” atly professor-mugallymlaryň, hünärmenleriň, aspirantlaryň we talyplaryň gatnaşmagynda ylmy-amaly maslahat geçirildi.
Onda çykyş edenler Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda duşmana garşy aldym-berdimli söweşlerde türkmen ýigitleriniň görkezen gaýduwsyz batyrlygy, gahrymançylygyň, mertligiň, mukaddes ata Watana wepalylygyň belent nusgasyny görkezen uruş weteranlaryň, tylda gaýratly zähmet çeken uruş döwrüniň gelin-gyzlarynyň, oglan-uşaklaryň taryh edermenliklerini uly buýsanç bilen giňişleýin gürrüň berdiler.
Türkmen üçin watançylyk kasamy belent mukam, mukaddes söz bolup ýaňlanýar. Kasama wepalylyk, lebze halallyk türkmen ýigitlerini bezeýän häsiýet. Watançylyk kasamyny kabul edip, Watany döş gerip goramaga taýýar bolup söweşe giren türkmen mertleriniň öňünde hiç bir ýow, hiç bir duşman durup bilmändir. Arslan kimin arlap, gaplaň kimin topulyp söweşe giren ýigitlerimiziň mertligi bilen bir hatarda, harby tilsimleri ussatlyk bilen ulanyşlary, olardan baş çykaryşlary, türkmen ýigitleriniň ruhubelentligi görenleri haýrana goýupdyr.
Maslahatyň umumy mejlisinde institutyň baýry mugallymlaryň çykyşlary diňlenildi. Umumy mejlis tamamlanandan soňra maslahat “Watany goran gahrymanlara sarpa goýmak mukaddes borçdur” , “Ýeňiş güni şanly baýramçylyk senesi”, “Türkmen gerçekleriniň uruş ýyllarynda görkezen edermenligi nusgalyk mekdepdir”, “Watany goramak mukaddes borçdur” şeýle hem “Beýik ýeňşiň ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti” atly bäş bölümçede dowam etdirildi.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza şeýle-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Aýna ATAJUMAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ösümlikçilik kaferasynyň mugallym- öwrenijisi