DÖWREBAP HÜNÄRLER – KÄMIL GELJEGE TARAP

Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän iňňän oýlanyşykly durmuş-ykdysady özgertmeleri netijesinde ykdysadyýetiň ähli pudaklaryna, şol sanda bilim ulgamyna sanly tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar. Bu bolsa öz nobatynda innowasion gurşawy kemala getirýär. Şunda elektron senagaty ylmy-tehniki ösüşi kesgitleýji we halk hojalygynyň ähli ugurlaryna sanly serişdeleri ornaşdyrmakda binýatlyk pudak bolup öňe çykýar. Bu bolsa şu ugurdan ýörite bilimli ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy talap edýär.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň suw hojalygy pudagyny ösdürmekde ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw baýlyklaryny tygşytly we netijeli peýdalanmak ýaly ileri tutulýan ugurlary öňe sürülýär. Bu işleri amala aşyrmakda Türkmenistanyň esasy derýalarynyň, suw howdanlarynyň, gidrotehniki desgalaryň, ene ýaplaryň, zeýkeşleriň hem-de özleşdirilen ýa-da özleşdirilip ýörülen düzlükleriň (ýaýlalar) ähmiýeti uludyr.

Arkadagly Serdarymyzyň görkezmelerinden ugur alyp, 2022-2023-nji okuw ýylyndan başlap Türkmen oba hojalyk institutynyň binýadynda “Gidrotehniki desgalar” täze taýýarlyk ugry boýunça tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamak işi üstünlikli ýola goýuldy.

Taýýarlygyň bu ugry ýurdumyzda täze sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylýan döwründe suw hojalyk desgalarynyň gurluş aýratynlyklaryny, şol sanda oba hojalyk pudagyny ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmäge mümkinçilik berer. Suw hojalygy pudagy üçin zerur hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen institutda açylan taýýarlyk ugrunyň okuw meýilnamasynda geologiýa we gidrogeologiýa, gurluşyk materiallary we işleri, inženerçilik geodeziýasy, gidrawlika, geoinformasion sistemalar, suwaryş we zeýkeş, gidrologiýa we gidrometriýa, akymy sazlamak, suw çykaryjylar we beketler, esaslar we fundamentler, gidrotehniki desgalar, gidromelioratiw ulgamlaryny ulanmak, gidromelioratiw işleriň guralyşy we tehnologiýasy, gidrotehniki desgalary ulanmak we abatlamak, suw çykaryjy bekedini ulanmak ýaly ýörite we hünär dersler boýunça okuw sapaklary göz öňünde tutulan.

Bu bolsa “Gidrotehniki desgalar” täze taýýarlyk ugry boýunça tölegli esasda bakalawrlary taýýarlamak işiniň üstünlikli ýola goýlandygyny alamatlandyrýar. Munuň özi hem ýaş hünärmenleri nazaryýet we amaly taýdan çuňňur taýýarlamaga, olary suw hojalygynyň çylşyrymly meseleleri bilen içgin tanyşdyrmaga hem-de önümçilik meselelerini dogry çözmegi öwretmäge gönükdirilendir. Okuw we önümçilik tejribelikleri talybyň okuw işleriniň bir görnüşi bolup durýar.

Täze hünäri girizmek hem-de ýokary derejeli işgärleri taýýarlamak işiniň ylmy esasda milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň talaplaryna laýyklykda amala aşyrylmagy babatda maksatnamalaýyn işleri alyp barýan Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy hemişe aman bolsun.

Rahatgeldi HAMYDOW,
Gidromelioratiw işleriň tehnologiýasy kafedrasynyň mugallymy.