PИHЦ-de institutyň ylmy makalalary

Türkmenistanyň Prezidentiniň ylmy taýdan esaslandyran öňdengörüjilikli syýasatynyň we başlangyçlarynyň netijesinde, milli ykdysadyýetde, jemgyýetçilik durmuşynda we ylymda uly üstünlikler gazanylýar, guwandyryjy we buýsandyryjy sepgitlere ýetilýär. 2019-2025-nji ýyllar üçin Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek konsepsiýasynyň kabul edilmegi bilen ýokary okuw jaýlarynda sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly ylmy, tehniki we innowasiýa işleriniň netijeliligi ýokarlandy.

Şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-pedagogiki işgärleriniň we talyplarynyň ylmy makalalary “Häzirki zaman oba hojalygy ylmy nazaryýeti we tejribesi” atly halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda VII Milli (Bütinrussiýa) ylmy maslahatynyň, “Kolleýa aralygy 1520: meseleler, mümkinçilik, geljegi” atly halkara hünärmenleriň gatnaşmagynda talyplaryň ylmy-amaly maslahatynyň, I.S.Kauriçewanyň doglan gününiň 110 ýyllygyna bagyşlanan halkara hünärmenleriň gatnaşmagyndaky Bütinrussiýa (milli) ylmy-amaly maslahatynyň materiallarynda we ýygyndylarynda çap edildi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň ylmy-pedagogiki işgärleriniň we talyplarynyň şu ýylyň ýanwar-maý aýlarynda halkara ylmy-amaly maslahatlara ugradylan 180-den gowrak ylmy makalalarynyň Scopus maglumatlar bazasynda 1 makala we PИHЦ maglumatlar bazasynda 17 makala çap edildi. Hususan-da, Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak we abatlamak kafedrasynyň mugallymlary Aşyrmät Annaýew, Nurgeldi Nurgeldiýew, Gölbaý Gylyžow, Tebigy bilimler kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Ýusup Mähemow hem-de Bagbançylyk we gök ekerançylyk kafedrasynyň mugallymy Hekim Ýusupow institutda hereket edýän ylmy gurnaklaryna gatnaşýan talyplary bilen bilelikde ylmy makalalary PИHЦ maglumatlar bazasynda neşir edilendigini bellemek ýerliklidir.

Talyplaryň we ýaş alymlaryň gözleg işlerini geçirmek, şeýle hem ylmy-tehniki ugurda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek üçin döredilen giň şertler üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallygymyzy bildirýäris.

Berdygylyç ANNAGYLYJOW,
Oba hojalyk tehnikalaryny ulanmak
we abatlamak kafedrasynyň müdiri