Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, ylym-bilim pudagynyň ösüş depgini barha ýokarlanýar. Okuw işinde häzirkizaman täze maglumat tehnologiýalarynyň ornaşmagy bilen okatmagyň sanly bilim ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmalmagyna zerurçylyk barha artýar. Bu tehnologiýalaryň netijeli ulanylmagy ylmyň we tejribäniň dürli ugurlarynda uly üstünlikleriň gazanylmagyna getirýär. Talyplarda bilimleri, başarnyklary we endikleri geljekki hünär işinde ulanmak ukyplaryny kemala getirmek inžener hünärmenleri taýýarlamagyň esasy wezipesidir. Bu wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Türkmen oba hojalyk institutynda halkara hyzmatdaşlyk işleri giň gerimde alnyp barylýar.
2024-nji ýylyň 23-nji maýynda Samarkant döwlet weterinar lukmançylygy, maldarçylyk we biotehnologiýalar uniwersitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň arasynda Amaly mehanika kafedrasynyň müdiri Guwanç Öräýewiň “Autodesk Inventor programmasynda pürsüň egrelmesiniň seljermesini geçirmek” temasy boýunça onlaýn okuwy gurnaldy. Okuw sapagyna iki ýokary okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Geçirilen okuw sapagynda ýokary okuw mekdebimizde inžener hünärmenleri taýýarlamakda materiallaryň garşylygy dersiniň meseleleriniň Autodesk Inventor programma toplumynyň kömegi bilen çözülişlerine serederilip geçirildi. Autodesk Inventor programmasynyň materiallaryň garşylygy dersiniň meselelerini çözmekde ulanylmagy, öwrenilýän meseläniň dartgynly, durky üýtgän ýagdaýy barada bitewi düşünjäni emele getirmäge ýardam eder.
Şeýlelik-de geçirilen okuw sapagy örän täsirliligi, täze maglumatlaryň köpligi we netijeliligi bilen tapawutlanyp, ýurdumyzda bilim ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Şatlyk PYGAMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň müdiri