Häzirki günde biziň ýurdumyz geljekki uzak ýyllarda Türkmenistanyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply, giň möçberli özgertmeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirýär. Ösüşlere beslenýän döwrümizde Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlar ýurdumyzda giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmaga işjeň gatnaşýarlar.
Ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmäge ukyply giň möçberli özgertmeleri işjeň ýagdaýda durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň gurnamagynda Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna geçirilmegi meýilleşdirilen “Zenan-zemin zynaty” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa institutyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň ähli mugallymlary gatnaşdy. Çykyş eden mugallymlar:
1. Tagandurdyýewa Aýjeren “Gender deňligi üpjün etmek we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçilkilerini giňeltmek”
2. Nuryýewa Miwe “Türkmen zenany jemgyýetiň ar-namys, mertebe tugy”
3. Ýuldaşewa Hurmagül “Nusgawy edebiýatymyzda zenan wepadarlygynyň şöhlelenişi”
Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň hatyrasyna geçirilmegi meýilleşdirilen “Zenan-zemin zynaty” atly wagyz-nesihat çäresinde ýokarda ady agzalan mugallymlar özleriniň täsirli temalary bilen çykyş etdiler.
Talyp ýaşlarymyz wagyz-nesihat çäräniň dowamynda gender deňligi üpjün etmek we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçilkilerini giňeltmek barada gymmatly maglumatlary aldylar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe wagyz-nesihat çäresine gatnaşyjylar gender deňligi üpjün etmek we zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçilkilerini giňeltmeklige giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin, tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Hurmagül ÝULDAŞEWA,
Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy