“Emeli aň - möhüm tehnologiki açyş” atly tanyşdyryş okuw sapagy geçirildi

Hormatly Prezidentimiziň parasatly hem-de öňdengörüjilikli döwlet syýasatynyň netijesinde “Emeli aňy” düýpli hem-de netijeli öwrenmek, ony ýurdumyzyň ähli pudaklaryna ylaýta-da ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrmak barada giň mümkinçilikli şertler döredilip, uly tagallalar edilýär.

Bilişimiz ýaly ynsanyň döredijilikli zehininiň hem-de yhlasly zähmetiniň netijesinde döredilýän eserlerdir oýlap tapyşlar, edilýän açyşlar jemgyýetimiziň ösüşine uly itergi berýär. Adam aňynyň döredijilikli zähmetiniň netijesine “Intellektual eýeçilik” diýilýär.

Intellektual eýeçiligiň eseri bolan we adamyň psihiki işiniň kompýuter tehnologiýalarynyň kömegi bilen nusgalanmagyna “Emeli aň” diýilýär.

“Emeli aň” soňky ýyllardaky oýlap tapyşyň iň meşhury bolup, ol internetden soňra ikinji möhüm tehnologiki açyşdyr.

Şu nukdaýnazardan ugur alyp Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň 5-nji aprelindäki 117-nji buýrugyny ýerine ýetirmek maksady bilen Ýokary okuw mekdepleriň öz aýratynlyklaryna laýyklykda “Emeli aňy” düýpli we netijeli öwrenmek boýunça Türkmen oba hojalyk institutynyň Ýol kartasy hem-de meýilnamasy tassyklanyldy.

Tassyklanan “Emeli aňyň” Ýol kartasyna hem-de meýilnamasyna laýyklykda institutyň 230-njy okuw otagynda Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy kafedrasynyň mugallymy Ýedibaý Baýramdurdyýew Maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyplaryna “Emeli aň - Möhüm tehnologiki açyş” ady bilen tanyşdyryş okuw sapagyny geçirdi. Geçirilen tanyşdyryş okuw sapagynda Emeli aň barada giňişleýin düşünje berilip, onuň giň mümkinçilikleri, önümçilik wajyplygy, öwrenmegiň usulyýeti hem-de ulanmaklygyň medeniýetini kemala getirmek boýunça ylmy maglumatlar berildi. Sapagyň dowamynda ders prezentasiýasynyň hem-de wideorolikleriň üsti bilen görkezilen, dürli ugurlara degişli bolan “Emeli aňyň” ornaşdyrylyşy baradaky gyzykly maglumatlar talyplaryň ünsüni özüne çekip uly gyzyklanma döretdi.

Bagdagül ORAZBERDIÝEWA,
Oba hojalygynyň guralyşy we dolandyrylyşy
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi