Türkmen oba hojalyk institutynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Milli medeniýetimiz we sungatymyz halkymyzyň ruhy baýlygydyr” atly professor-mugallymlaryň, aspirantlaryň, hünärmenleriň we talyplaryň ylmy-amaly maslahaty geçirildi.
Çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda medeniýet we sungat ulgamynda alnyp barylýan işler barada, meşhur türkmen şahyry Magtymguly Pyragy manyly şygyrlary bilen türkmen edebiýatynyň, şygryýetiniň ösmegine, kämilleşmegine uly goşant goşan şahsyýetdigi hem-de ussat şahyryň kämil şygyrlary türkmen halkynyň diliniň senasydygy barada hem belläp geçdiler. Şeýle-de Medeniýet hepdeliginiň türkmen toýuna mahsus guralyp, çeper döredijiligiň, sungatyň dürli görnüşleri boýunça medeni çärelere beslenmegi, ýatdan çykmajak täsirli pursatlary bagyşlaýandygy bellenildi.
Umumy mejlisden soňra ylmy-amaly maslahat öz işini “Türkmeniň maddy we ruhy medeniýeti dünýä nur çaýan şamçyragdyr”, “Magtymguly türkmen ruhunyň almaz täjidir”, “Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň akyldar şahyrydyr”, “Magtymgulynyň döredijiliginde watansöýüjiligiň, agzybirligiň we jebisligiň waspy”, “Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebidir” atly bäş sany bölümçelerde dowam etdi.
Bölümçelerde çykyş edenler Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenilmeginiň milli medeniýetimizi ösdürmekde, ony dünýä ýaýmakda, dünýäde ynsanperwer hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde, dost-doganlygy berkitmekde, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze, has ýokary derejelere çykarmakda, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini, adamzada goýan baý mirasyny öwrenmek boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmekde örän uly ähmiýeti bardygyny nygtadylar.
Serdar MUMINOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Ýaş alymlar geňeşiniň başlygy