Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmegiň Bütindünýä güni mynasybetli ylmy seminar we diwar gazetini taýýarlamak boýunça bäsleşik geçirildi

Türkmen oba hojalyk institutynda Çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmegiň Bütindünýä güni mynasybetli “Durnukly ösüşiň hatyrasyna çölleşmä we gurakçylyga garşy göreşmek” atly ylmy seminar we “Ýaşyl tebigat-sagdyn ýaşaýyşyň çeşmesi” ady bilen diwar gazetini taýýarlamak boýunça bäsleşigi geçirildi. Şol ylmy seminar we bäsleşik ýokary okuw mekdebimiziň Ýaş alymlar geňeşiniň hem-de “Inžener-meliorator” we “Inžener-gidrotehnik” gurnagynyň bilelikde gurnamagynda alnyp baryldy. Ylmy seminara we bäsleşige institutyň ähli gurnak agzalary gatnaşdylar.

Ylmy seminar we diwar gazetini taýýarlamak boýunça bäsleşigiň netijelerinde ýokary görkezijileri gazanyp I orny “Ýüpek ýoly” gurnagynyň agzasy Akjemal Gökgäýewa, II orny “Ýaş konstruktor” gurnagynyň agzasy Rajapowa Raýhan we institutymyzyň çeper höwesjeň talyby Nurmyradow Jumamyrat, III orny “Dil ruhy hazyna” gurnagynyň agzasy Allakuliýewa Sadokat, “Ýaş konstruktor” gurnagynyň agzasy Allamyradow Allamyrat, “Inžener-konstruktor” gurnagynyň agzasy Garaýew Žeýhun eýelemegi başardyrlar. Bäsleşige gatnaşanlar hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Çeperçilik bäsleşiginde ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny hem-de Hazar deňziniň biologik köpdürliligini goramak we beýleki möhüm meseleleriň üstünde durulyp geçildi.

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz Diýarymyzda ekologiýany goramaga, tebigy baýlyklarymyzdan rejeli peýdalanmaga uly üns berilýär. Biz hem geljek-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda tebigaty goramakda we ony aýawly saklamakda alyp barýan işlerine özlerimiziň mynasyp goşantlarymyzy goşjakdygymyza ynandyrýarys. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde ähli şert mümkinçilikleri döredip berýän Hormatly Prezidentimize çäksiz minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Aýjemal ARTYKOWA,
Oba hojalygynyň meliorasiýasy kafedrasynyň mugallymy,
“Inžener-meliorator” gurnagynyň ýolbaşçysy