“Himiýa ugurly okuw derslerini okatmakda sanly bilimi ornaşdyrmagyň meseleleri” atly okuw-usuly maslahat

2024-nji ýylyň 24-nji iýunynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň gatnaşmagynda “Himiýa ugurly okuw derslerini okatmakda sanly bilimi ornaşdyrmagyň meseleleri” atly okuw - usuly maslahat geçirildi. Okuw - usuly maslahaty Türkmen oba hojalyk instituty tarapyndan onlaýn görnüşinde gurnaldy. Okuw - usuly maslahatda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde himiýa we beýleki derslerde hem innowasion usullary ulanmagyň mümkinçilikleri barada çykyş etdiler. Okuw derslerinde sanly ulgamy ulanmak bilen ýaş nesliň geljekde ýokary hilli bilim almaklygynda täze usullary we öňdebaryjy tejribeleriň mümkinçilikleri barada giňişleýin pikir alyşdylar. Ýokary okuw mekdeplerinde sapaklarda multimediýa, wideofilimler, internet ulgamlary, görkezme esbaplaryň ulanylyşy we sanly ulgamyň soňky täzeçillikleri hem-de olaryň ähmiýeti baradaky maglumatlar bilen çykyş etdiler. Sanly ulgamyň gündelik derslerde ulanylmagy talyplaryň maglumatlary kabul edijiligine we çalt özleşdirmegine täsiriniň ýokary boljakdygy barada maslahata gatnaşyjylar belläp geçdiler. Türkmen oba hojalyk institutynyň gurnamagynda geçen maslahat ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek, okatmagyň häzirki zaman usullaryny öwrenmek bilen geljekki ýaş nesliň kämil, ugurtapyjy, bäsdeşlige ukyply hünärmenler bolup ýetişmekligine giň mümkinçilikler döreder.

Maýa HAJYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Agrohimiýa we topragy öwreniş kafedrasynyň mugallymy