Garaşsyz Türkmenistanyň baky Bitaraplygynyň 27 ýyllyk şanly baýramçylygy mynasybetli “Bitaraplyk köňülleriň ganaty – parahatlyk dünýäň ruhy halaty” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi.
Türkmen oba hojalyk institutynda şatlyk-şowhuna beslenip geçirilen baýramçylyk çäresinde ýokary okuw mekdebiniň Medeniýet merkeziniň aýdymçylary çykyş edip, özleriniň hoş owazlary bilen dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Olarda milletimiziň kalby deý nurana, türkmen tebigaty deý owadan ýaşyl Baýdagymyzyň waspy şeýle-de döwlet berkararlygymyzyň, hemişelik bitaraplygymyzyň, asudalygymyzyň, erkinligimiziň waspy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň bedew batly ösüş-özgerişlerinde, üstümizdäki ýylda egsilmez ruhubelentlige beslenip dabaraly bellenilýändigini giňişleýin beýan edildi.
Baýramçylyk çäresinde bagtyýar döwrümiziň, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan tutumly işleriniň, halkymyzyň ýokary derejede, şowhunly toýlaýan şanly baýramyň waspyny belentden ýetirýän tanslar baýramçylyk dabarasyna gatnaşýan professor-mugallymlaradyr, talyp ýaşlara baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.
Baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly baýramynyň hormatyna “Bitaraplyk köňülleriň ganaty – parahatlyk dünýäň ruhy halaty” ady bilen guralan aýdym-sazly baýramçylyk çäresinde institutyň “Bagtyýarlyk joşguny” döredijilik toparynyň aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde dünýä döwletleriniň birnäçesiniň milli we estrada aýdymlary joşgunly ýaňlanyp dabara gatnaşyjylara egsilmez ruhubelentlik bagyşlady.
Baýramçylyk dabarasynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Döwlet baýdagymyzyň saýasynda ylym-bilim ýaşlaryň ýokary medeniýetli, ruhubelent, watansöýüji adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Gahryman Arkadagymyza şeýle-de Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag belent başynyň aman bolmagyny arzuw etdiler.