Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şu ýyl ýurdumyzda we daşary ýurtlarda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Munuň özi eserleri dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren beýik söz ussadynyň bahasyna ýetip bolmajak pähim-paýhas, döredijilik mirasyny öwrenmäge täze itergi berýär.
Türkmen oba hojalyk institutynda hem talyplaryň arsynda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, “Bagtyýar ýaşlarymyzyň kalplarynyň şygary, Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” atly eper okaýyş döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige institutyň çäginde hereket edýän ylmy gurnaklarynyň agzalary we çeper höwesjeň talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar hem-de tapawutlanan talyplar hormat hatlary bilen sylaglandylar. Çeper okaýyş döredijilik bäsleşigine hödürlenýän çykyşlar “Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda Watançylyk, Gahrymançylyk, durmuş, öwüt-nesihat häsiýetli, im, tebigatyň waspy” atly temalara degişli goşgulary aýtdylar we teswirlediler. Bäsleşik talyp ýaşlarymyz üçin has gyzykly we täsirli geçdi.
Bäsleşigiň netijelerinde ýokary görkezijileri gazanyp I orny Akjemal Gökgäýewa hem-de Begmedow Gutlymyrat, II orny Taganow Ahmet, Şamyradowa Şirinjan, Goçowa Gülnar, III orny Sona Arazgeldiýewa, Uzukjemal Hanmyradowa, Ogulşirin Narbaýewa eýelemegi başardylar. Bäsleşige gatnaşan talyplar hormat hatlary bilen sylaglandylar.
Şeýlelikde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyryna bagyşlanyp geçirilýän bäsleşikleriň maksady beýik söz ussadynyň şan-şöhratyny belende götermekden, dünýä jemgyý etçiligini Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bilen has giňden tanyşdyrmakdan, onuň zehininiň çuňlugyny düşündirmekden, ynsanperwer hyzmatdaşlygy, halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi pugtalandyrmakdan ybaratdyr. Munuň özi dünýäde parahatçylyk medeniýetini we ynanyşmagy dabaralandyrmagyň möhüm şertidir.
Ayjemal Artykowa
Inžener-meliorator talyplaryň ylmy gurnagynyň ýolbaşçysy