TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI — ÝAŞLARYŇ DÖWLETLI ÝOLY SIZIŇ BILEN DOWAM BU GÜN

“Türkmen halkynyň Milli Lideri — ýaşlaryň döwletli ýoly siziň bilen dowam bu gün” ady bilen geçirilen hoşallyk maslahatyna ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary bagtyýar talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Nobatdaky gurultaýyň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir. Ýaşlaryň döwrebap bilimli, aň-düşünjeli, ruhy-ahlak we beden taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri baradaky meseleler döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar.

Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň beýik özgertmeler ýoly bilen öňe gitmegini hut ýaşlar bilen baglanyşdyrýar. Öňde goýlan beýik maksatlara ýetmekde ýaş türkmenistanlylara uly orun degişlidir. Gurultaýyň gün tertibine ýaşlar syýasatynyň meseleleriniň toplumy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesilleriň öňünde goýan häzirki we geljekki wezipelerini çözmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak girizilmegide aýratyn guwandyryjydyr.

Bu şanly wakanyň şanyna guralan bu aýdym-sazly maslahatda ýokary okuw mekdebiniň talyplaryndan düzülen “Bagtyýarlyk joşguny” aýdym-saz toparynyň ýerine ýetiren şirin mukamlarynda “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynyň belent waspy, eziz Diýarymyzda Eziz Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary, belentden ýaňlanyp sazlaşykly sepleşip gitdi.

Işjeň ýagdaýda geçen hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek, dünýä derejesine çykarmak barada edýän aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza alkyş sözlerini aýtýarlar. Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärler.