Türkmen oba hojalyk institutynda dünýä belli iri kompaniýalaryň biri bolan “JOHN DEERE” kompaniýasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda okuw sapaklary guraldy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen okuw sapagynda bu kompaniýasynyň ýokary öndürijilikli önümi bolan “JOHN DEERE 6175M” kysymly traktorlar barada giňişleýin düşünje berildi.
Ýokary okuw mekdebinde hereket edýän “JOHN DEERE” kompaniýasynyň döwrebap tehnikalaryna ýöriteleşdirilen okuw otagynda geçirilmegi aýratyn ähmiýetlidir. Ýokary derejeli hünärmenleriň gatnaşmagyndaky guralan okuw sapagy mugallymlaryň ylmy-usuly işlerine oňyn täsirini ýetirmek bilen talyplaryň oba hojalyk tehnikalarynyň işleýiş şertlerini öwrenmekde we geljekde ulanyş şertlerini, tehnikanyň iş öndürijiligini, abatlaýyş işlerini doly ele almagyna uly täsirini ýetirdi.
Bu bolsa Türkmenistanyň alyp barýan Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we özara hormatlamak syýasaty netijesinde dünýä döwletleri bilen dostluk, hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek gatnaşyklarynyň has-da ösdürilýändigine doly şaýatlyk edýär.
Ýeri gelen-de talyp ýaşlaryň okuw-tejribe hojalygynda şeýle-de welaýatyň daýhan birleşikleriniň meýdanlarynda bolup, Türkmen oba hojalyk institutyna hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan sowgat beren “JOHN DEERE” kysymly tehnikalaryna erk edip möwsümleýin oba hojalyk işlerine işjeň gatnaşýandyklaryny aýratyn nygtamak gerek.
Giň many-mazmuna eýe bolan sapagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary üçin Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar. Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak, tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.