MILLILIK – NESIL TERBIÝESINIŇ ÖZENI

Türkmen oba hojalyk institutynda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimi-ylymly bolmagyny gazanmak, ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek hem-de olarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek maksady bilen, welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda “Millilik – nesil terbiýesiniň özeni” atly şygar bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Onda ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işinde millilik, peder ýörelgelerine ugrukdyrmagyň, olara bu hakda zerur bilimi we düşünjeleri bermegiň, ýaramaz endikleri kemala getirmegiň iňňän uly jogapkärlidigi, ýaramaz endikleriň ynsan durmuşynda has-da ýaş nesilleriň geljegi üçin zyýan berýändigi dogrusynda çykyşlar diňlenildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaramaz endiklerden daşda durmak bilen birlikde ata-baba gelýän peder ýörelgelerimizi, milliliklerimizi gündeki ýaşaýşymyzyñ kadasyna öwrülýär. Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladalary bilen halkymyzyñ ýagty gelejegi üçin ýaş nesillerimizi zyýanly endiklerden goramak, olary millilik terbiýesine çekmek ugrunda asylly işler edilýär.

Milli ýörelgelerimize, ruhy, ahlak aýratynlyklarymyza uly sarpa goýýan hormatly Prezidentimiziň milli ekerançylyk däplerimizi häzirkizaman ylmynyň we tehnologiýasynyň gazananlary bilen utgaşdyryp alyp barýan agrar syýasaty, oba özgertmeleri halkymyzda kanagatlanma duýgusyny döredýär. Bu özgertmeleriň düýp maksady ýurdumyzyň azyk garaşsyzlygyny berkitmäge, Türkmenistan döwletimiziň azyk önümlerini eksport edýän döwletleriň arasynda tutýan ornuny berkitmäge we pugtalandyrmaga, azyk önümlerini eksport edýän ynamdar hyzmatdaş hökmünde ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga gönükdirilendir. Öňde goýlan belent maksada ýetmek ugrunda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar eziz Diýarymyzda halkymyzyň bagtyýar ýaşamagy barada edýän atalyk aladalary edýän Milli Liderime türkmen halkynyň agzybir, bolelin asuda durmuşda ýaşamagy üçin alyp barýan işleri bilen bir hatarda çuňňur zehininiň astynda kemala gelýän kuwwatly Watanymyzyň geljekki eýeleri, talyp ýaşlar hakynda birnäçe mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin çäksiz hoşallyklaryny beýan edip, Arkadagly Serdarymyzyň başynyň dik, janynyň sag, il ýurt bähbitli beýik işlerinde rowaçlyklaryň ýaran bolmagyny arzuw etdiler.